Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk milli buýsanjyň we özbaşdak ösüşiň gözbaşydyr. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda gazanylan üstünliklere nazar aýlamak aýratyn buýsanç duýgusyny döredýär.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da ösü­şi üp­jün et­di. Ne­bit-gaz, gur­lu­şyk, oba ho­ja­ly­gy, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da ber­kit­di. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş-öz­ge­riş­ler ýo­lu­nyň do­wam et­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, şä­her­le­ri­miz we oba­la­ry­myz döw­re­bap keş­be eýe bo­lup, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Döw­let ta­ra­pyn­dan dur­muş ul­ga­my­na gö­nük­di­ril­ýän se­riş­de­le­riň möç­be­ri bar­ha art­ýar. Adam ma­ýa­sy­nyň gor­la­ry­ny ös­dür­mek­de hem-de kä­mil­leş­dir­mek­de döw­rüň öňe sür­ýän ta­lap­la­ryn­dan ugur al­nyp, de­giş­li pu­dak­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga uly üns be­ril­ýär. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy hök­mün­de kes­git­le­nen ada­myň bagtyýar durmuşy ha­kyn­da­ky ala­da­nyň, Gahryman Arkadagymyzyň yn­san­per­wer ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp bar­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň top­lum­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir. Me­de­ni­ýet we bi­lim ul­gam­la­ryn­da hem uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Tä­ze mek­dep­ler, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, ki­tap­ha­na­lar we me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri gur­lup, ýaş nes­liň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Ýur­du­myz­da hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de hem iş­jeň sy­ýa­sat alnyp ba­ryl­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk we hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ne­ti­je­sin­de dün­ýä döw­let­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ro­waç­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si bu gat­na­şyk­lar­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär.
«Türk­me­nis­ta­ny 2026-njy ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, şu ýyl umu­my meý­da­ny 900 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, 3 müň 380 orun­lyk umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry­nyň, 1 müň 80 orun­lyk mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­nyň esa­sy wa­ka­la­ry­na öw­rü­ler. Mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de we­la­ýat­lar­da we paý­tag­ty­myz­da en­çe­me des­ga­lar­dyr bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­ler. Şeý­le hem bir­nä­çe des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýag­ny şu ýyl Aş­ga­bat – Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry – Türk­me­na­bat bö­le­gi, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da tä­ze, döw­re­bap oba, Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da kö­pu­gur­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy, Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Guw­ly­ma­ýak şä­her­çe­sin­de ýa­şa­ýyş jaý­lar we bi­na­lar top­lu­my ulan­ma­ga ber­ler. Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň, Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze bi­na­lar top­lum­la­ry da­ba­ra­ly açy­lar. Ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de dep­gin­li ösü­şi­ni sak­la­mak, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni yzy­gi­der­li üp­jün et­mek, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, ra­ýat­la­ryň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny ber­kit­mek, ila­tyň dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin oňyn şert­le­ri üp­jün et­mek bol­sa, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň stra­te­gik mak­sat­la­ry bol­ma­gyn­da gal­ýar.
Ga­raş­syz­ly­gyň 35 ýyl­ly­gy di­ňe bir ge­çen ýo­lu­my­zyň my­sa­ly bol­man, eý­sem, gel­je­ge uly yna­myň ny­şa­ny­dyr. Hal­ky­myz öz Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­niň ösü­şi­ne go­şant goş­ma­gy do­wam edip, tä­ze üs­tün­lik­le­re ýet­mek ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär. Goý, Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ösüş ýo­ly he­mi­şe ro­waç bol­sun! Goý, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy we bag­ty­ýar dur­mu­şy bar­ha ber­ke­sin!

Aýnur REJEPOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.