Möwsümiň “Masters” (ATP 1000, WTA 1000) ýaryşlarynyň biri bolan “Kanada Açyk” bäsleşiginde çempionlar belli boldy. Erkekleriň arasynda amerikaly Ben Şelton, zenanlardan kanadaly garaşylmadyk ýagdaýda Wiktoriýa Mboko ýeňiş gazandy.
Kanadanyň Toronto şäherinde geçirilen erkekleriň arasyndaky ýaryşyň finalynda amerikaly Ben Şelton bilen russiýaly Karen Haçanow duşuşdy. 1-nji setde Haçanow 7:6 ýeňiş gazansa-da, soňky 2 setde ýeňiş Şeltonyň tarapynda boldy. 2-nji setde 6:4, 3-nji setde-de 7:6 üstün çykan 22 ýaşyndaky Ben Şelton ilkinji gezek “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazandy. Bu onuň karýerasyndaky 3-nji çempionlygydyr. Erkekleriň arasynda 135-nji gezek geçirilen ýaryşyň baýrak gaznasy 9 million 194 müň dollara deň bolup, Şelton ýeňiji hökmünde 1 million 124 müň dollar pul baýragy bilen sylaglandy.
Zenanlaryň arasyndaky ýaryş Kanadanyň başga bir şäheri Monrealda geçirildi. 123-nji gezek guralan ýaryşyň finalynda kanadaly 18 ýaşyndaky Wiktoriýa Mboko bilen ýaponiýaly Naomi Osaka duşuşdy. Osaka 1-nji setde 6:2 üstün çyksa-da, soňky 2 setde Mboko 6:4 we 6:1 hasaplar bilen ýeňşini baýram etdi. Bu WTA-nyň sanawynda 554-nji orunda barýan Mbokonyň ilkinji çempionlygydyr. 4-nji tapgyrda Koko Gauff, ýarym finalda Ýelena Rybakina ýaly güýçli tennisçileri ýeňen Mboko bu ýaryşda çempiolyk gazanan 3-nji kanadaly tennisçi diýlip hasaba alyndy. Ol 5 million 153 müň dollar baýrak gaznasy bolan ýaryşda 752 müň dollarlyk pul baýragyna mynasyp boldy.