17-nji dekabrda Hytaýyň Harbin şäherinde dünýäniň iň uly gar we buz festiwaly açyldy. Ilkibaşda ýerli halkyň arasynda geçirilip başlanan hem bolsa, häzirki wagtda bu festiwal dünýäniň dürli künjeginden gelýän syýahatçylaryň uly gyzyklanma bildirmegi bilen halkara derejesinde geçirilýär. Festiwal Hytaýyň «Buz şäheri» hökmünde tanalýan, Sibire ýakyn sebiti bolan Harbin şäherinde ýaýbaňlandyrylýar. Dekabr aýynyň başyna Sungari derýasynyň doňmagy bilen Harbin şäherine 200 müň kub metrden gowrak buz gatlagy getirilýär. Bu ýerde müňlerçe heýkeltaraşyň zähmeti netijesinde 3-4 hepdäniň içinde «buz şäheri» peýda bolýar. Şäheriň arktiki howasy festiwala hödürlenilýän heýkelleriň uzak wagtlap eremän saklanmagyny üpjün edýär.
Harbin buz festiwalynyň çäginde Buz Disneýlendi, Gün adasy, Çžaolin seýilgähi ýaly meýdançalar bolup, esasan, körpe syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Mundan başga-da, bu ýerde buzdan ýasalan piramidalary, Elzanyň buz köşgüni, buz basgançaklaryny we diwarlary, gar şalygyny synlamak bolýar. 300 metrlik buz slaýdy, konkili, lyžaly typmak, buz tigirini sürmek hem syýahatçylar üçin özboluşly başdangeçirmeler bolup durýar. Gün adasynda geçirilýän çäreler buz festiwalynyň esasy wakalarynyň biridir. Bu ýerde birnäçe kilometre uzaýan gara çekilen suratlar görkezilýär. Çžaolin seýilgähinde çagalary buz çyralary, jadyly şekiller bilen bir hatarda, eý görýän haýwanlarynyň 300-den gowrak heýkeli garşy alýar. Bu seýilgäh çagalaryň iň gyzykly meýdançalarynyň biri bolup, maşgalalaryň arasynda geçirilýän buz oýmak boýunça ýaryşlary hem synlap bilýärler. Festiwalyň dowamynda buz tanslaryny, palçy komediýasyny, buz akrobatikasyny, gyşky sport çykyşlaryny öz içine alýan «Harbin Show» geçirilýär. «Buz şäherini» gije synlanyňda, has-da owadan we jadylaýjy görünýär. Festiwalyň çäginde Sibir gaplaňlaryny hem-de Arktika jandarlaryny synlamaga mümkinçilik berýän awtoulagly gezelençler hem guralýar. Harbinde howanyň temperaturasy ortaça -10 derejede saklanýar.
Festiwal öz gözbaşyny 1963-nji ýylyň gyşynda geçirilen buz çyrasy sergisinden alyp gaýdýar. Ilkinji Harbin buz festiwaly 1985-nji ýylda Çžaolin seýilgähinde uly dabara bilen geçirilýär we her ýyl geçirilmeli çäre hökmünde yglan edilýär. 2001-nji ýylda Halkara lyža festiwaly bilen bilelikde Harbin buz festiwaly hem bellenilýär. 2025-2026-njy Harbin gar we buz festiwaly fewral aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.
PDF









