Te­bi­ga­tyň iň işeň­ňir we ter­tip-düz­gün­li jan­dar­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ga­ryn­ja­lar bi­r-bi­ri bi­len ha­bar­laş­mak üçin tä­sin usul­la­ry ulan­ýar­lar. Iý­mi­ti şol bir ýol­dan da­şa­ýan­dy­gy­na we bir hin­de ýa­şa­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ga­ryn­ja­lar fe­ro­mon­lar di­ýil­ýän hi­mi­ki mad­da­ny bö­lüp çy­kar­mak ar­ka­ly bi­r-bi­ri bi­len ha­bar­laş­ýar­lar. Ki­çi­jik zäh­met­keş­ler dä­ne süý­räp bar­ýar­ka, şol ysy al­ýar we bel­le­nen ýol­dan çyk­man azy­gy hi­ni­ne elt­ýär. Bu usul ar­ka­ly ga­ryn­ja­lar azy­gy çalt we howp­suz da­şap bil­ýär­ler. Syn eden bol­sa­ňyz, to­par bo­lup iý­mit da­şa­ýan ga­ryn­ja­lar bir­den ýi­ti­rim bo­lup, baş­ga bir ýol­dan ha­tar bo­lup gyş azy­gy­ny da­şap ug­ra­ýar­lar. Gö­zeg­çi ga­ryn­ja­lar «tä­ze ýo­luň çe­kil­me­gi­ni» iş­çi ga­ryn­ja­lar üçin howp­suz ha­sap­la­ýar­lar. Kö­ne ga­ryn­ja ýol­la­ry aw­tou­lag he­re­ke­ti ýa-da adam­la­ryň ýö­räp geç­ýän­di­gi se­bäp­li howp­ly saýyl­ýar.
Ga­ryn­ja­lar ara­gat­na­şyk sak­la­mak üçin mur­ta meň­zeş an­ten­na­la­ry­ny hem ulan­ýar­lar. Iş­çi ga­ryn­ja­lar ýö­räp bar­ýar­ka­lar bi­r-bi­ri bi­len «sa­lam­la­şyp» geç­ýär­ler. Bu ola­ryň öňün­den çy­kan ga­ryn­ja­nyň öz to­pa­ry­na de­giş­li­di­gi­ni anyk­la­ma­gy­na, iý­mit paý­laş­ma­gy­na ýa-da ýü­kü­ni gö­te­riş­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Ga­ryn­ja­nyň kä­bir gör­nü­şi göw­re­si­ni ýe­re sürt­mek ar­ka­ly örän pes ýy­gy­lyk­da tit­re­me dö­red­ýär. Adam­lar bu se­si eşi­dip ýa-da du­ýup bil­me­ýär­ler. Em­ma ga­ryn­ja­lar sür­tül­mä­ni du­ýup, howp­ly ýag­da­ýyň bar­dy­gy­ny, baş­ga bir ga­ryn­ja­nyň kö­mek so­ra­ýan­dy­gy­ny ýa-da hi­ni­ne gys­sag­ly gir­me­li­di­gi­ni bil­ýär­ler.

Gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar

Ga­ryn­ja­lar öz ara­la­ryn­da iş­çi­ler, go­rag­çy­lar we kö­pel­ýän ga­ryn­ja­lar ýa­ly to­par­la­ra bö­lün­ýär­ler.
Ga­ryn­ja öz ag­ra­myn­dan, tak­my­nan, 20-50 es­se agyr ýü­ki gö­te­rip bil­ýär.
Dün­ýä­de ga­ryn­ja­nyň 15 müň 700-den gow­rak gör­nü­şi duş gel­ýär.
Ga­ryn­ja­lar gu­la­gy bol­ma­sa-da, mur­tu­nyň we aýa­gy­nyň kö­me­gi bi­len ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny we te­bi­gy ha­dy­sa­la­ry du­ýup bil­ýär­ler. My­sal üçin, ga­ryn­ja­lar ýag­şyň ýag­ja­gy­ny öňün­den duýýarlar. Şol se­bäp­li hi­ni­niň ag­zy­ny gum bi­len ýa­pyp goý­ýar­lar.
Ga­ryn­ja­lar su­wuň aşa­gyn­da 24 sa­ga­da çen­li de­mi­ni sak­lap du­rup bil­ýär­ler.
Bu jan­dar­la­ryň be­de­ni­niň iki gap­da­lyn­da dem al­ma­ga ni­ýet­le­nen bir­nä­çe tur­ba ýa­ly de­şi­jek­ler bar.
Ýer ýü­zün­de 20 kwad­ril­li­on ga­ryn­ja­nyň ýa­şa­ýan­dy­gy we umu­my ag­ra­my­nyň 20 me­ga­to­na (12 mil­li­on ton­na) ba­ra­bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Ga­ryn­ja­nyň kä­bir gör­nü­şi 30 ýy­la çen­li ýa­şap bil­ýär.