Özbegistanda Halkara gawun festiwaly açyldy. Hywa şäherine ýurduň çar künjeginden daýhanlar dürli howa şertlerinde ýetişdirilen hem-de seýrek gawun görnüşlerini getirdiler.
Festiwalyň halkara derejesi ýylsaýyn artýar. Mysal üçin, geçen ýyl oňa bir milliondan gowrak, şol sanda 300 müň daşary ýurtly myhman gatnaşdy. Bu ýyl festiwalyň çäklerinde gawundan “demir ýol” kompozisiýasy döredildi, ol Daşkent-Hywa aralygynda tiz otlusynyň işe goýberilmegine bagyşlandy.
PDF








