NASA-nyň Marsdaky “Perseverance” roboty bir gezekde 411 metrlik ýol geçip, başga bir planetada bir gezekde iň uzak aralygy geçdi. Alty tigirli adaty ulagyň ululygyndaky enjam 2021-nji ýyldan bäri Gyzyl planetanyň ýüzünde jemi 36 kilometre barabar ýol geçdi. 2004–2018-nji ýyllar aralygynda Marsda ulanylan “Opportunity” roboty bolsa jemi 40 kilometrlik ýol geçipdi. “Perseverance”-iň ýakyn geljekde “Opportunity”-den öňe geçjekdigi bellenilýär. “Perseverance” Jezero krateriniň töwereginden toprak nusgalaryny alyp, onuň düzümini öwrenmek, ýeliň tizligini ölçemek ýaly işlerde peýdalanylýar.