Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda il-ýurt bähbitli uly ösüşler durmuşa geçirilýär, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi gazanylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanyp, asuda, bolelin we abadan durmuşda ýaşaýşy üpjün edilýär.

Häzirki zaman jemgyýetiniň ösüş taryhy energiýanyň we serişdeleriň ýitgisiniň çäklendirilmegini girizmek hem-de termodinamikanyň we ykdysadyýetiň nukdaýnazaryndan, tebigy gurşawa ýaramaz täsirleriň aralaşmagyna ýol bermezlik, ýüze çykýan hadysalara gözegçilik etmekden hem-de olary düzetmekden has amatly usul hasaplanýandygyny görkezýär. Şundan ugur alnanda, energetiki netijelilige serişde gory hökmünde garamak mümkin.

Energiýanyň we maddanyň häsiýetlerini beýan edýän fiziki kanunlara esaslanyp, tebigatda janly organizmleriň durnukly ösüşi amala aşyrylýan ýörelgeler jemgyýetiň durnukly ösüşini, daşky gurşawy we onuň baýlyklaryny gorap saklamagy üpjün etmegiň geljegi has netijeli ugurlary hasaplanylýar. Bu bellenilenleriň esasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 674-nji karary bilen “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin” Döwlet maksatnamasy tassyklandy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary göterjek we daşky gurşawy goramaga ýakyndan goldaw berjek şeýle maksatnamalaryň biri bolan 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde çykaran 1207-nji karary bilen “Altyn asyr Türkmen kölüniň sebitini 2019-2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklandy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hormatly Prezidentimiziň sebitleýin syýasaty durnukly ösüş ýörelgeleriniň wajyp ugry bolup çykyş edýär.

Döwletimizde “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy” kabul edilen Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň howa we geografiki şertleri energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini  ýurduň energiýa gorlaryna girizmäge mümkinçilik berýär. Bu aýratyn hem, oba ilatynyň we medeni zolakdan uzakdaky ýerleriň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de zyýanly gazlaryň tebigy gurşawa zyňylmagyny azaltmaga ýardam eder.

Bu babatda Hormatly  Prezidentimiziň, Prezident maksatnamasynda hem: “Energiýa çeşmeleriniň adaty däl görnüşleriniň, ýagny Gün we ýel energiýasyny öndürmek we ondan netijeli peýdalanmak maksady bilen, bu ulgamyň ösüşine uly goldaw bereris” diýip aýratyn belläp geçýär.

Gün energiýasy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini amaly taýdan ulanmagyň nukdaýnazaryndan geljekde peýdalanmakda örän amatlydyr we ýönekeý usula eýedir. Türkmenistanyň howa we geografiki şertleri Günüň energiýasyny ulanmaga, ony elektrik we ýylylyk energiýasy üçin senagat çäklerinde işjeň peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden peýdalanmak üçin aýratyn amatlydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan diýarymyz energiýa resurslaryna baý ýurtdyr. Biziň ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak üçin tebigy we amatly şertler bar. Bu şertler bolsa, energiýa çeşmelerini ykdysady pudaklarda we gündelik durmuş gurşawynda has öndürijilikli we tygşytly ulanmak üçin dürli taslamalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Merjen Allaberdiýewa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki işgäri.