Bir bar eken, bir ýok eken, bir öwünjeň gaz bar eken. Bu gaz her guşuň ýanyna baranda: «Dünýäde meniň ýaly başarjaň jandar barmyka?!» diýip, öwner eken.
Bir gün ýaňky gaz bir topar guşuň arasynda oturyp, olara garap:
− Dostlar, hiç biriňiz mençe ýoksuňyz. Men uçaýyn diýsem, asmanda ganat ýaýyp uçup bilýän, ýüzeýin diýsem, uly deňiz-derýalarda, göm-gök köllerde suratymy suwa düşürip, ýüzüp bilýän, ýöräýin diýsem gury ýerde-de, çölde-de ýöräp bilýän − diýip, öwnüp otyrka, onuň ýanyna bir durna gelipdir-de, gaza ýüzlenip:
− Eý, gaz dost, sen bu hünärleriňe guwanyp, öwnüp oturma. Ol hünärleri başaryşyň gaty ýöntem. Hemmesi birigip, emelli-başly ýeke hünäre degenok − diýipdir.
Guşlaryň arasynda öz diýenini gögerdip ýören gaz durnanyň sözlerine geň galyp:
− Hany, sen onda düşündir. Näme üçin beýle diýdiň? – diýip, oňa tiňkesini dikipdir. Durna:
− Howada laçyn ýaly uçup bilmeýäň. Suwda balyk ýaly ýüzüp bilmeýäň. Çölde keýik ýaly ýöräp bilmejegiňe hem gözümiz ýetýär. Şolaryň haýsy birinden öňe düşerin öýdýäň. Şonuň üçin özüňi biderek öwüp ýörme. Şol hünärleriň birini bil, emma pugta bil, ýogsam bu emelleriňden saňa hiç hili peýda ýokdur − diýip, jogap beripdir. Durnanyň bu sözleri öwünjeň gaza sapak bolupdyr.
«Ýüz hünäri çala bilenden, bir hünäri doly bil».