Ynsan durmuşynda mawy ýangyjyň uly orny bar. Saçaklarymyza goýulýan tagamlar gazyň kömegi bilen taýýarlanylýar, durmuş hajatlary üçin gerek bolan suw hem gaz arkaly ýyladylýar, jaýlary ýylatmak tebigy gazyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Şonuň üçin hem mawy ýangyjyň gadyryny hemmämiz bilýäris. Emma bize şeýle gowy şertleri, ýeňillikleri döredýän tebigy gazy ulanmakda howpsuzlyk kadalary dogry berjaý edilmese, ýangyn howpuny döredip biler.
Ilata tebigy gazdan, gaz enjamlaryndan peýdalanmagy düşündirmek, gaz howpsuzlygynyň kadalaryny hem-de bu babatda tygşytlylygy üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir.
Gaz enjamlaryny ýaşaýyş üçin niýetlenen otaglarda goýmak gadagan. Eger gaz enjamlary ulanyljak bolsa, ony goýmak üçin hünärmeniň ýörite rugsatnamasy bolmaly. Gaz enjamlary ulanyljak ýerlerde gaz, tüsseçykar ýaly howa sorujy goýmaly. Jaý gurlanda gaz enjamy goýuljak otagdaky penjiräniň kiçi gözüniň bolmagyny unutmaly däl. Jaýyň abatlaýyş işleri geçirilende howa sorujy deşikleriň ýüzüni ýapmak ýa-da suwamak bolmaýar. Geçiriji turba turuwbaşdan polat turba bolmaly, rezin turbalar ulanylmaly däl. Eger geçiriji turba diwary kesip geçmeli bolsa, onda onuň daşyna goşmaça turba geýdirilmeli. Turbalary diwara gömmek bolmaýar. Gaz enjamy durjak jaý gurlanda onuň beýikligine üns bermeli. Jaýyň beýikligi kada laýyk bolmaly. Aşhananyň gapysy daşyna açylýan bolmaly.
Gaz howpsuzlygy üçin hem gazyň häsiýetini bilmeli. Tebigy we suwuklandyrylan gaz göze görünmeýär. Otagyň içini dolduran gazyň partlamagyna çyra ýakylanda ýa-da öçürilende emele gelýän uçgunlar sebäp bolýar.
Gaz enjamy duran jaý penjireli bolmaly. Penjiräniň hem açylýan kiçi gözi bolmaly we ony gaz ýakylan wagty ýarym açyk ýagdaýda saklamaly. Mundan başga-da, aşhananyň gapysynyň aşagy poldan 3-4 santimetr ýokarda bolmaly. Şeýle bolanda gaz toplanmaýar. Adamlar köplenç gaz peçlerini özlerine oňaýly hasaplan ýerlerine geçirmekleri gowy görýärler. Emma gaz enjamlaryny bir ýerden başga ýere özbaşdak geçirmek bolmaýar. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda gaz edarasyndan rugsat hatyny alyp, gaz edarasynyň işgärleriniň gözegçiliginde geçirmeli.
Gaz enjamlary ulanylanda howpsuzlyk düzgünlerini ýerine ýetirmek, köplenç, öý hojalykçy zenanlaryň üstüne düşýär. Olaryň bu babatda örän hüşgär bolmagy gerek. Gaz plitasynyň üstünde suwly çäýnek ýa-da gaýnap duran suwuk nahar bar bolsa, olary köp wagtlap ünsden salmak bolmaýar. Gaýnan suwuň ýa-da naharyň dökülip, ýanyp duran ody öçürmegi mümkin.
Eger-de jaýyň içinde gazyň ysyny duýsaňyz, özbaşdak abatlaýyş işlerini geçirjek bolmaly däl. Bekleýjini ýapyp, soňra penjireleri we gapylary açmaly, elektrik enjamlaryny ellemeli däl. 04 belgä jaň edip, gaz howpsuzlygy gullugynyň işgärlerine habar bermeli.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda yzygiderli aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Mergen Akmämmedow,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 112-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi.