Gazagystanyň Abaý sebitinde uzynlygy 272 kilometr bolan täze demir ýoluň gurluşygyna başlandy. Ýurduň Premýer-ministri Alihan Smaýlow wideokonferensiýa ulgamy arkaly gurluşyk taslamasyna resmi taýdan badalga berdi. Bu taslama döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň Gazagystanyň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirilişiniň çäginde durmuşa geçirilýär. Täze liniýanyň gurluşygynda “Bagty – Çuguçak” üçünji serhet geçelgesini açmak meýilleşdirilýär.
Häkimiýetler täze liniýanyň Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky ýük dolanyşygyny 28 milliondan 48 million tonna çenli ýokarlandyrmagyna, günorta barlag nokatlarynda dyknyşyklary ýok etmegine we goşmaça üstaşyr mukdaryny çekmegine garaşýarlar. Demir ýoluň 2027-nji ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilýär.
Döwlet metbugat gullugynyň habaryna görä, gurluşygyň dowamynda 11 stansiýa, 47 köpri, 23 demir ýol we sekiz awtoulag geçelgesi, bäş sany pyýada köprüsi we 16 barlag nokady gurlar.
Premýer-ministr 2022-nji ýylda iň köp ýüküň – 245 milliard tonna ýüküň demir ýol bilen daşalandygyny aýtdy. Geosyýasy şertlere we infrastruktura çäklendirmelerine garamazdan, bu ýokary görkeziji şu ýyl hem saklanyp galdy.
– Soňky bäş ýylda konteýner üstaşyr gatnawynyň mukdary 3,2 esse artdy. Bar bolan tranzit koridorlary giňelýär we täzeleri açylýar. Transhazar halkara ulag ýoly, Demirgazyk-Günorta we Günorta koridorlar aýratyn ähmiýete eýedir – diýip, Alikan Smaýlow aýtdy.
Gazagystanyň hökümetiniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda infrastrukturanyň hyzmat ediş mümkinçiligi we kuwwaty öz çägine ýetdi. Demirýol pudagynda bu strategiki möhüm meseläni çözmek üçin döredilen birnäçe infrastruktura taslamalary bar. Öňümizdäki üç ýylda Respublikada 1,3 müň kilometrden gowrak demir ýol gurlar.