Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň senatynda deputat Amangeldi Nugmanow Türkmenistan bilen maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak baradaky ylalaşygyň taslamasyny hödürledi. Bu barada «inbusiness.kz» habar berýär.
Onuň sözlerine görä, bu Gazagystan we Türkmenistan ýaly doganlyk ýurtlaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda diýseň möhüm ädimdir.
– Ilkinji gezek döwletara derejede iki ýurduň maýa goýum jemgyýetçiliginiň ähli taraplarynyň bähbitlerini goramak boýunça anyk kepillikler we borçnamalar resmi taýdan berkidilýär. Şeýle hem bu Ylalaşyk maýa goýum dawalaryny çözmek boýunça mehanizmleri döretmekde möhüm orny eýelär. Ol halkara arbitražyna elýeterliligi üpjün edýär we daşary ýurt maýa goýumlaryna adalatly hem-de deňhukukly çemeleşmäni kepillendirýär. Gazagystan tarapy Türkmenistandaky gazkondensat ojaklaryny özleşdirmek we turbageçiriji infrastrukturasyny giňeltmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi — diýip, senator belledi.
Ol Ylalaşykda esasy ileri tutulýan wezipeleriň biriniň hem energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlykdan ybaratdygyny tassyklady.
– «QazaqGaz» kompaniýasy bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda gaz pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada aýratyn ylalaşygyň baglaşylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi iki döwletiň arasynda täze ykdysady mümkinçilikleri we sebit energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen «altyn köprini» gurmagyň ýörelgesidir – diýip, deputat belledi.