Gazagystanyň prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 23-nji sentýabryndan 11-nji oktýabryna çenli dowam eder. Bu barada Respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary Konstantin Petrow aýtdy.
-Gazagystanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 23-nji sentýabryndan 11-nji oktýabryna çenli dowam eder – diýip, Petrow aýtdy.
Dalaşgärleri hödürlemek hukugynyň bellenilen tertipde hasaba alnan respublikan jemgyýetçilik birleşiklerine degişlidigi bellenilýär. Gazagystanyň häzirki Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew 21-nji sentýabrda Karara gol çekdi, şoňa laýyklykda, şu ýylyň 20-nji noýabrynda ýurtda döwlet Baştutanynyň nobatdan daşary saýlawlary geçiriler.