Gazagystanda paraplanerizm boýunça Dünýä kubogy geçirilýär

2

Gazagystanyň Žetysu sebitinde paraplanerizm sportyndan Merkezi Aziýada ilkinji gezek Dünýä kubogynyň tapgyry geçirilýär. Şeýle ýokary derejeli halkara ýaryşyna dünýäniň 33 döwletinden 150-ä golaý uçujy gatnaşyp, olar kross-kantri ugrunda özara bäsleşýärler. 28-nji iýuna çenli dowam etjek bu abraýly sport çäresi halkara reýting ulgamynda möhüm orna eýe bolup, gatnaşyjylara dünýä sanawynda we geljekki iri çempionatlarda zerur bolan utuklary toplamaga mümkinçilik berýär.
Žetysu sebitiniň daglyk aýratynlyklary, giň jülgeleri we durnukly howa şertleri paraplanerizm sporty üçin iň amatly we howpsuz gurşawy emele getirýär. Paraplanerizm sporty boýunça Dünýä kubogy assosiasiýasynyň prezidenti Goran Dimişkowskiniň hem-de daşary ýurtly türgenleriň bellemegine görä, bu sebitiň el degmedik arassa tebigaty uly sport we ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Ýerli syýahatçylyk edaralary bu halkara çäräniň sebitiň syýahatçylyk kuwwatyny dünýä tanytmakda möhüm guraldygyny nygtaýarlar. Ýaryşyň guramaçylyk işlerine köp ýyllaryň dowamynda bu sportuň ösmegine goşant goşan dünýä çempiony Dawid Wirskiniň maşgalasy tarapyndan hem aýratyn üns berildi. Taslamanyň geljegi uly bolup, Gazagystan, eýýäm, Balhaş kölünde täze sport çärelerini amala aşyrmagy we 2028-nji ýylda paraplanerizm boýunça Aziýa çempionatyny kabul etmegi meýilleşdirýär.