Ýewropa maýa goýum banky Daşkentde täze wekilhanasyny açýar

1

Ýewropanyň öňdebaryjy maliýe edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň barşynda Merkezi Aziýa sebitine maýa goýumlaryny çekmegiň esasy şertleriniň durnukly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretmekden, taslamalary netijeli taýýarlamakdan we sebitara ulag-logistika gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdygyny mälim etdiler. Hünärmenleriň we diplomatlaryň bellemegine görä, sebitiň ummasyz tebigy baýlyklary hem-de geostrategik ýerleşişi daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döretse-de, maýa goýum gurşawynyň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ilkinji nobatda kämil kanunçylyk binýady üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň sebit boýunça strategik ugurlary anyk hukuk gurşawyny kemala getirmäge, taslamalary maliýeleşdirmäge we ulag-gatnaw ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir. Şu maksat bilen, Ýewropa maýa goýum banky Merkezi Aziýada öz işini has-da giňeltmek üçin Daşkent şäherinde täze wekilhanasyny açýar.
Häzirki wagtda sebitiň bäş döwletiniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň güýçlenmegi we ykdysady integrasiýanyň çuňlaşmagy Merkezi Aziýany halkara arenada özbaşdak we bäsleşige ukyply tarap hökmünde kemala getirýär. Ýewropaly hyzmatdaşlar sebitiň durnukly ykdysady ösüşini goldamak maksady bilen, synagdan geçen taslamalaryň maliýe taýdan bähbitli bolmagyna, syýasy töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmaga hem-de ekologiýa we durmuş ülňülerine laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Şeýle hem sebitara ulag geçelgelerini, aýratyn-da, Hazar deňzi arkaly geçýän Hazarüsti halkara ulag ugruny (Orta geçelge) ösdürmek maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ulag-logistika düzümini kämilleşdirmek, gümrük we serhet amallaryny ýönekeýleşdirmek hem-de resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak diňe bir Ýewropa bilen gatnaşyklary däl, eýsem, sebitiň içindäki söwda dolanyşygyny hem täze şertlere laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berer.