Tennis boýunça möwsümiň 1-nji “Uly tuwalga” ýaryşy “Awstraliýa Açyk” tamamlandy. 114-nji gezek geçirilen ýaryşda  zenanlaryň arasynda gazagystanly Ýelena Rybakina ýeňiji boldy. Ol 2,8 million amerikan dollaryna golaý (4 million 150 müň awstraliýa dollary) pul baýragy bilen sylaglandy.

Zenanlaryň arasyndaky finalda sanawyň 1-nji belgilisi, belarusly Aryna Sabalenka bilen 5-nji belgili, gazagystanly Ýelena Rybakina duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşykda 3 set ýeňijini kesgitledi. 2 sagat 18 minutlap dowam eden finalyň 3 seti hem birmeňzeş netije bilen tamamlandy. 1-nji setde 6:4 gazagystanly Rybakina ýeňiş gazandy. 2-nji set şol hasap bilen Sabalenkanyň peýdasyna tamamlanyp, ol 3-nji setde-de 3:0 öňe geçdi. Ýöne ruhdan düşmedik Rybakina yzly-yzyna 5 oýunda üstün çykyp, hasaby 5:3-e ýetirdi. Soňlugy bilenem, 6:4 hasabynda ýeňiş gazanan Rybakina “Awstraliýa Açykdaky” ilkinji çempionlygyny baýram etdi. Bu onuň 2-nji “Uly tuwalgasy” bolup, ol 2022-nji ýylda “Wimbledonda” çempionlyk gazanypdy. Şeýle-de, 26 ýaşyndaky Rybakina sanawyň 1-nji hem-de 2-nji belgili tennisçilerini ýeňip, çempionlyk gazanan 4-nji raketkaçy boldy. Ondan öň Rybakina final oýnundan soň çempionlyk kubogyny Jennifer Kapriati, Serena Williams hem-de Medison Kiýz şeýle statistika eýe bolupdy. Galyberse-de, Rybakina finala çenli garşydaşlaryna ýeke set hem bermändi.

Iki tennisçi 2023-nji ýylda-da bu ýaryşyň finalynda duşuşypdy we şonda Sabalenka 4:6, 6:3, 6:4 hasaplar bilen ýeňiş gazandy. Sabalenka Awstraliýa Açykda bassyr 4-nji gezek finala çykyp, soňky çärýek asyrda Martina Hingisden soň şeýle görkezijä ýeten ilkinji tennisçi boldy. Şweýsariýaly Martina Hingis 1997-2002-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 6 gezek finalda oýnapdy we şolaryň başdaky 3-sinde çempionlyk gazanypdy. Bu duşuşyk 27 ýaşyndaky Sabalenkanyň 8-nji finaly bolup, onuň 4 “Uly tuwalga” kubogy bar (Awstraliýa Açykda 2, Amerika Açykda 2). Sabalenka Awstraliýa Açykda 2023-2024-nji ýyllarda çempion bolup, ol geçen ýyl amerikaly Medison Kiýzden, bu ýylam Rybakinadan ýeňildi.