Gazagystanyň ilat sany 20 million 370 müň 672 adama ýetdi. Bu barada ýurduň Milli statistika býurosynyň metbugat gullugy habar berýär. Ýylyň başyndan bäri bu ösüş 87,2 müň adama ýetdi, şolardan 80 müň adam tebigy ösüşiň, 7,2 müň adam bolsa, migrasiýanyň hasabyna gazanylypdyr. Şäherlerde 12 million 877 müň 408 adam, oba ýerlerinde 7 million 493 müň 264 adam ýaşaýar.