Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasynda gazak dili anyk we kesgitli görnüşde döwlet dili hökmünde berkidildi. «Kazinform» agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar institutynyň direktory Žandos Şaýmardanow Konstitusion özgertmeler boýunça komissiýanyň mejlisinde mälim etdi.
Ol birnäçe raýatlaryň Esasy kanunda döwlet diliniň derejesi baradaky meselä üns berendiklerini belledi.
-Emma täze Konstitusiýanyň taslamasynda gazak diliniň anyk we kesgitli görnüşde döwlet dili hökmünde berkidilendigini nygtamak örän möhümdir — diýip, Şaýmardanow aýtdy.
Ýatlap geçsek, 31-nji ýanwarda Konstitusion özgertmeler boýunça komissiýa Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasyny köpçülige hödürläpdi. Täze Esasy kanunyň birinji taslamasy Sözbaşyndan (Preambuladan), 11 bölümden we 95 maddadan ybaratdyr. Üýtgetmeler we goşmaçalar Konstitusiýanyň tekstiniň 84%-ine täsir edýär.
Özgertmeleriň esasy ugurlaryna bir palataly parlamente — Gurultaýa geçilmegi, wise-prezident wezipesiniň döredilmegi we Halyk Geňeşiniň (Halk Geňeşiniň) gurulmagy degişlidir. Gazagystan Respublikasy unitar döwlet bolmagynda galýar, dolandyryş formasy bolsa Prezident Respublikasy diýlip kesgitlenildi.