Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň III oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan sekiz boksçy çykyş eder. Bu oýunlar Azerbaýjanda 23 ýaşа çenli türgenleriň arasynda 13 döwletiň gatnaşmagynda badalga aldy.
GDA ýurtlarynyň oýunlary Azerbaýjanyň sekiz şäherinde geçirilýär, boks ýaryşlary bolsa Ýewlah olimpiýa merkezinde bolar.
Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň ýolbaşçylygy şu ýyl ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň çempionatyny gurady we türgenler GDA-nyň oýunlaryna güýçli taýýarlyk geçdiler.
Türkmen toparynyň düzüminde Rahmanberdi Rejebow 48 kilograma çenli iň ýeňil agramda çykyş eder. Ol bu ýyl ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy.
Hangeldi Lukmanow 52 kilograma çenli täze agram derejesinde (ilkinji ýeňil agramda) çykyş edýär. Ol bir ýyl mundan ozal ýetginjekleriň arasynda geçirilen boks boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşypdy we 16 ýaşly boksçy medal almak üçin esasy dalaşgärleriň biri hökmünde görkezilýär.
Toparyň iň ýaş agzalarynyň biri Ezbermuhammet Myratdurdyýew bolup, ol dekabr aýynda 15 ýaşy dolýar. Ol 57 kilograma çenli ýarym ýeňil agramda ýetginjekleriň arasynda eýýäm ýurdumyzyň çempionydyr we Al-Aýnda (BAE) mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen boks boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşypdy.
Aşgabatly ökde boksçy, ýetginjekleriň arasyndaky ýurdumyzyň çempiony Muhammetemin Begenjow 60 kilograma çenli ýeňil agramda çykyş eder. GDA ýurtlarynyň oýunlary onuň halkara derejedäki ilkinji ýaryşy bolar.
Aşgabatly boksçy Abdyrahman Babaýew 2024-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda gazanan kümüş medalyny şu ýyl 63 kilograma çenli ilkinji ýarym ýeňil agramda altyn medala öwürdi.
Topara şeýle-de, Aşgabatly 2010-njy ýylda doglan Selim Meredow (46 kilograma çenli), Daýanç Öraýew (50 kilograma çenli) we Imamjan Arslanow (54 kilograma çenli) goşuldylar.
GDA ýurtlarynyň III oýunlarynda boks ýaryşlarynyň ýeňijileri 5-nji oktýabrda kesgitlener.