“Serie A”-nyň geçen möwsümdäki iň köp gol salan futbolçysy, “Atalanta” toparynyň hüjümçisi Mateo Retegi karýerasyny Saud Arabystanynda dowam etdirer. 26 ýaşyndaky italýan hüjümçi SPL-niň “Al-Kadsiýa” topary bilen 3 ýyllyk şertnama gol çekişdi. “Atalanta” topary Reteginiň transferinden 68 million ýewro gazanar. 2024-nji ýylyň tomsunda “Jenoadan” “Atalanta” 20,9 million ýewro transfer bolan Retegi bergamolylaryň hatarynda 49 oýunda 28 goly öz adyna ýazdyrdy.