Af­ri­ka yk­ly­my beý­le­ki se­bit­ler­de duş gel­me­ýän tä­sin jan­dar­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň we te­bi­ga­ty sö­ýü­ji­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Şeý­le tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri hem bon­go ha­sap­lan­ýar. Af­ri­ka­nyň sa­wan­na­la­ryn­da we gy­rym­sy agaç­ly to­kaý­la­ryn­da ýa­şa­ýan bu en­de­mik jan­dar gö­räý­mä­ge an­ti­lo­pa meň­ze­ýär.
Bon­go­nyň yl­my ady «tra­ge­lap­hus eurycerus» bo­lup, bu jan­da­ra baş­ga­ça «to­kaý an­ti­lo­pa­sy» hem di­ýil­ýär. Ak çy­zyk­la­ry bo­lan bu jan­da­ry 1837-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek ir­lan­di­ýa­ly te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji Wil­li­am Ogil­by öw­ren­ýär we köp­çü­li­ge mä­lim ed­ýär. «Tra­ge­lap­hus» grek­çe­den eme­le ge­len söz bo­lup, «ge­çi­ke­ýik» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Se­bä­bi bu jan­da­ryň kel­le­si ge­çä, göw­re­si bol­sa ke­ýi­ge meň­ze­ýär. «Eurycerus» sö­zi bol­sa, «giň, ýaý­raň şah» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. «Bon­go» sö­zü­niň Ga­bo­nyň ke­le di­lin­den ge­lip çy­kan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. 1861-nji ýyl­dan soň «bon­go» sö­zi iň­lis di­lin­de-de ula­ny­lyp baş­lan­ýar.
Goň­rum­tyl-gy­zyl tüý­li, ga­ram­tyl teg­mil­le­ri we ak-sa­ry zo­lak­la­ry bo­lan bu jan­da­ryň uzyn­dan dik şa­hy bar. Bon­go­nyň beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy be­de­nin­de zeb­ra­nyň­ky ýa­ly ak çy­zyk­la­ryň bol­ma­gy­dyr. Bu jan­dar­la­ryň göw­re­si­niň iki gap­da­lyn­dan 10-15 sa­ny dik ak çy­zyk geç­ýär. Şeý­le hem oňur­ga­synyň üs­tün­den guý­ru­gy­na çen­li ak tüý­li ger­şi bar. Bon­go­nyň dö­şün­de aw­tou­lag­la­ryň lo­go­sy­na meň­zeş ak teg­mil bar. Bu jan­da­ryň ýüz ör­tü­gi tä­sin bo­lup, gö­zü­niň üs­ti we tum­şu­gy ga­ram­tyl reňk­de, «ýa­ňa­gy» bol­sa sar­gylt bol­ýar.
Bon­go­lar öz ara­la­ryn­da iki ki­çi to­pa­ra bö­lün­ýär. Bu jan­dar­la­ryň bi­rin­ji to­pa­ry (gün­ba­tar bon­go) ba­ýyr­lyk­lar­da we jül­ge­ler­de ýa­şa­ýar. Ikin­ji to­pa­ry (gün­do­gar bon­go) bol­sa di­ňe Ke­ni­ýa­nyň Aber­der dag­la­ryn­da duş gel­ýär. Gün­do­gar bon­go gün­ba­tar bon­go­dan has uly we ag­ra­my agyr bol­ýar. Bo­ýy we göw­re­si­niň uzyn­ly­gy 3 metr­den gow­rak bo­lan bu jan­dar­la­ryň ag­ra­my 400 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýär. Bon­go­lar 19 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar.
Bon­go­lar 5-50 tö­we­re­gi ara­ly­gyn­da sü­ri bo­lup ýa­şa­ýar­lar. Uzyn dil­li bu jan­dar­la­ryň esa­sy iý­mi­ti agaç­la­ryň ter ýap­ra­gy, gül­li bal­da­jyk­lar bo­lup, ara­syn­da ti­ken­li ot­lar, dä­ne­li ösüm­lik­ler bi­len hem iý­mit­len­ýär­ler. Adat­ça, bon­go­lar agaç­la­ryň şa­ha­sy­ny di­li bi­len çe­kip, go­pa­ryp al­ýar­lar we soň­ra ýap­rak­la­ry­ny iý­ýär­ler. Bon­go­la­ryň iň howp­ly duş­ma­ny af­ri­ka it­le­ri ha­sap­lan­ýar. Ýa­ba­ny it­le­riň bon­go­la­ra köp zy­ýan ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ak çy­zyk­ly jan­dar­la­ryň sa­ny ýyl-ýyl­dan azal­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu jan­dar­la­ryň sa­ny 28 müň­den geç­me­ýär. Bon­go Te­bi­ga­ty we te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi (IUCN) ta­ra­pyn­dan sa­na­wa gi­ri­zi­len ýi­tip git­mek how­py aban­ýan süý­dem­di­ri­ji­le­riň bi­ri­dir.