Söw­da-dynç alyş mer­kez­le­rin­de, te­le­wi­zor­da, te­le­fon oýun­la­ryn­da ýa-da sport des­ga­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän oýun­lar­da bow­lin­gi gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Ta­ryh­çy­lar bu oý­nuň il­ki­baş­da ga­dy­my Mü­sür­de oý­na­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Mi­la­dy­dan öň­ki 3200-nji ýyl­lar­da ga­dy­my Mü­sür­de «ça­ga oý­ny» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bow­lin­ge meň­zeş oýun bo­lup­dyr. Bu oýun­da ala­bas­ter pal­çy­gyn­dan wa­za­nyň şe­ki­li­ne meň­ze­di­lip ýa­sa­lan 9 sa­ny çüý­şe hem-de da­şy­na de­ri aý­la­nan dä­ne ga­by­gyn­dan ýa­sa­lan top­lar ula­ny­lyp­dyr. Bu oý­nuň ga­lyn­dy­la­ry 1895-nji ýyl­da Mü­sü­riň Na­ka­da şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de ta­pyl­dy. Şon­dan bä­ri bir­nä­çe asy­ryň do­wa­myn­da dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de oý­na­lan bow­ling XIX asyr­da ýa­pyk bi­na­lar­da ge­çi­ril­ýän sport oýun­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­ýar.
Gö­züň we eliň he­re­ke­ti­ni saz­la­ma­gy, ýag­ny el bi­len gö­zi bir­wagt­da ulan­ma­gy öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýän bu oý­ny öý­de giň­räk otag­da ýa-da how­lu­da hem oý­nap bol­ýar. Il­ki bi­len, bow­ling şa­ry­nyň git­jek ýo­da­jy­gy­nyň iki gy­ra­sy­ny kes­git­le­me­li. Mu­nuň üçin çy­zyk çyz­mak ýe­ter­lik. Çüý­şe­le­ri ur­mak üçin ula­nyl­ýan şar hök­mün­de ki­çeň­räk ýum­şak top ula­nyp bi­ler­si­ňiz. Ýo­da­jy­gyň gu­tar­ýan ýe­ri­ne üç­burç­luk gör­nü­şin­de 10 sa­ny plas­tik çüý­şe ýer­leş­di­rmeli. 0,5, 1 ýa-da 1,5 litr­lik gaz­lan­dy­ry­lan içim­lik­le­riň ga­by­ny çüý­şe hök­mün­de ula­nyp bi­ler­si­ňiz. Em­ma oý­nuň düz­gü­ni­ne gö­rä çüý­şe­le­riň äh­li­si­niň ulu­ly­gy deň bol­ma­ly. Ýo­da­jy­gyň baş­lan­ýan ta­ra­py­na çy­zyk çyz­ma­ly. Oýun­çy­la­r çy­zyk­dan geç­män, top­ja­ga­zy çüý­şe­le­re ta­rap ok­la­ma­ly. Çüý­şe­le­riň aň­sat­lyk bi­len ýy­kyl­maz­ly­gy üçin içi­ne suw ýa-da çä­ge gu­ýup bi­ler­si­ňiz. Çüý­şe­le­ri ýyk­mak nä­çe kyn­laş­dy­gy­ça oýun hem şon­ça çe­ke­le­şik­li ge­çer. Oý­nuň düz­gü­ni­ne se­ret­mek üçin ulu­lar­dan bi­ri­ni emin ag­za bel­läp bi­ler­si­ňiz. Ge­liň, on­da bow­ling oý­na­ma­ga baş­la­lyň!