Mundan ozal Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilýän Halkara awtoulag sergisi bu ýyl Mýunhen şäherinde geçirilýär. “IAA Mobility 2021” ady bilen geçirilýän gözden geçirilişe ýurduň hökümet başlygy Angela Merkel, ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary we iri kompaniýalaryň başlyklary gatnaşdylar. 70 ýyldan bäri geçirilýän serginiň 12-nji sentýabra çenli açyk bolar. Açylyş dabarasynda çykyş eden Merkel şu ýylyň ýedi aýynda 370 müň elektroulagyň Germaniýanyň ýollarynda hereketine goşulandygyny, bu görkezijiniň  2019-njy ýyldakydan 6 esse köpdügini belledi. Kansler 2009-njy ýylda 2020-nji ýyla çenli 1 million elektroulagyň ýol hereketinde  boljakdygyny aýdandyklaryny we maksada ýetendiklerini aýtdy. Merkel elektroulag ayjylaryna we öndürijilerine berlen goldawyň netijesinde ulaglaryň satuwynyň artandygyna ünsi çekdi.

Germaniýanyň hökümet başlygy elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň Ýewropa Bileleşiginiň howa maksatnamasyna ýetmäge uly goşant goşjakdygyny, şol sebäpli bu pudaga goldaw berilmeginiň dowam etdiriljekdigini belledi. Onuň sözlerine görä, hökümet 2025-nji ýyla çenli bu pudagy ösdürmek üçin 7 milliard ýewrolyk pul bölüp berdi.

Awtoulag sergisine awtoulag, motosikl, welosiped we olaryň dürli şaý-seplerini hem-de tehnologiýalaryny öndürýän 700 kompaniýa gatnaşýar. Serginiň çäklerinde geçirilýän maslahatlara bolsa müňden gowrak hünärmen onlaýn gatnaşyp, öz pikirlerini beýan eder. Sergä 15 ýurtdan 38 awtoulag modeli getirilipdir.