Gi­je­si­ne açyl­ýan gül­ler te­bi­ga­tyň iň syr­ly ösüm­lik­le­ri ha­sap­lan­ýar. Aýyň ýag­ty­sy­na öw­şün at­ýan gül­ler alym­la­ry we te­bi­ga­ty sö­ýü­ji­le­ri geň gal­dyr­ýar. Gün­di­zi­ne di­ňe bal­dak­dan yba­rat kä­bir gül­ler gi­je­si­ne owa­dan gör­nü­şe eýe bol­ýar. Eýsem, nä­me üçin kä­bir gül gün­diz däl-de, gi­je açyl­ýar?!
Kä­bir ösüm­li­giň gi­je gül aç­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi to­zan­lan­dyr­ma bi­len bag­ly­dyr. Bu ösüm­lik­le­ri gün­di­zi­ne iş­jeň bo­lan ary­lar ýa-da ke­be­lek­ler däl-de, gü­ýe­ler we gi­je­si­ne uç­ýan kä­bir mör-mö­jek­ler to­zan­lan­dyr­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, gi­je­si­ne gül aç­mak ys­sy we gu­rak se­bit­ler­de bit­ýän ösüm­lik­ler üçin uý­gun­laş­ma bo­lup, suw ýit­gi­si­ni azald­ýar. Gü­nüň ýa­kyp bar­ýan ys­sy­syn­dan go­ran­mak ar­ka­ly bu ösüm­lik­ler ho­wa­nyň sal­kyn­la­ýan wag­ty – ag­şa­my­na gül­le­mek bi­len ýa­şa­mak müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ýar.

Gi­je­si­ne açyl­ýan gül­ler
Gi­jä­niň Şa ze­na­ny. Gi­je açyl­ýan gül­ler ba­ra­da gür­rüň go­zga­lan­da il­ki bi­len gi­je­ki Şa ze­na­ny gü­li (epip­hyl­lum oxype­ta­lum) göz öňü­ňe gel­ýär. Adat­ça ýyl­da bir ýa-da iki ge­zek gül­le­ýän bu ösüm­lik ba­ry-ýo­gy 3-4 sa­gat gül aç­ýar. Ýi­ti we hoş­boý ysy bo­lan bu gül sa­byr­ly­ly­gyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Ýyl­dy­za meň­zeş gül­tä­ji we se­çe­ge meň­zeş gül­ýap­rak­la­ry bo­lan ak gül dün­ýä­dä­ki iň gym­mat gül­le­riň bi­ri­dir. Bu ösüm­li­ge baş­ga­ça «ka­du­pul» hem di­ýil­ýär.
Gi­je gö­zel­i. Gi­je­si­ne açyl­ýan owa­dan gül­le­riň bi­ri hem «gi­je­ gö­ze­li» ady bi­len ta­nal­ýan «mi­ra­bi­lis ja­la­padyr». Bu ösüm­li­giň ak, sa­ry, gül­gün we gy­zyl reňk­li gül­le­ri Gün ýa­şan­da açyl­ýar we ir­den ýa­pyl­ýar. Ek­mek we ideg et­mek aň­sat bo­lan­dy­gy se­bäp­li bu gül be­zeg üçin köp ýer­de ekil­ýär. Gi­je­ gö­ze­li, esa­san, şä­her­de ekil­ýän meş­hur ösüm­lik­le­riň bi­ri­dir.
Gije gü­ne­ba­ka­ry. Adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, gü­ne­ba­ka­ra meň­zeş bu gül di­ňe gi­je­si­ne Aýyň ýag­ty­sy­na açyl­ýar. Owa­dan we gö­ze il­ýän owa­dan gül­le­ri bo­lan bu ösüm­lik çalt boý al­ýan­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Aý gü­ne­ba­ka­ry aga­ja ço­la­şyp ösüp hem bil­ýär. Gi­je­si­ne sap-sa­ry bo­lup öw­şün at­ýan bu gül daň at­ýan­ça owa­dan gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär.
Gi­je jas­mi­ni. Bu ösüm­li­giň hoş­boý ysy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ki­çi­jik gül­le­ri­niň gi­je­si­ne açyl­ýan­dy­gy kän du­ýul­ma­ýar. Jas­mi­niň gi­je­si­ne açyl­ýan we bark ur­ýan bu gör­nü­şi (nyctanthes arbor-tristis) şä­her ýer­le­rin­de köp­lenç eý­wa­na ekil­ýär. Otag gü­li hök­mün­de ide­dil­ýän gi­je jas­mi­ni ra­hat­lan­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Brug­man­si­ýa. Jaň­ja­gaz şe­kil­li sa­ry gül­le­ri bo­lan bu ösüm­lik owa­dan­ly­gy bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Tro­pik hä­si­ýe­te eýe bo­lan bu gü­li köp­ler uzyn sur­na­ýa meň­zed­ýär­ler. Bu gülüň kä­bir gör­nü­şi­niň zä­her­li­di­gi se­bäp­li öý­de ýa-da how­lu­da ek­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.