Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda, 27-30-njy awgustda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Global ýaşlar sammiti geçirilip, oňa 67 ýurtdan 300-den gowrak wekil gatnaşdy. Bu forum “Kazan – YHG-niň 2022-nji ýyldaky ýaşlar paýtagty” atly halkara maksatnamanyň çäginde geçirildi.
Bu çärä Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň ýaşlar ministrleri, YHG-niň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri, YHG-niň ýurtlarynyň baş konsullary, ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşlar syýasatyna gatnaşýan halkara guramalaryň wekilleri, ýaş işewürler we ylmy jemgyýetiň wekilleri gatnaşdy.
“Yslam dünýäsiniň döwletleri sebit we global gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde Russiýanyň däp bolan hyzmatdaşlarydyr” diýip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Global ýaşlar sammitine gatnaşyjylara ugradan ýüzlenmesinde bellenilýär. Sammitiň umumy mejlisinde Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow döwlet Baştutanynyň sammite gatnaşyjylara ugradan ýüzlenmesini okady.
Sammitiň dowamynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň wekilleri bäş sany esasy meseläni ara alyp maslahatlaşarlar: ýaşlaryň migrasiýasy, telekeçilik, ýaşlaryň abadançylygy, ýaşlaryň arasynda sanly tendensiýalar, sosial ýagdaýlar we mümkinçilikleriň deňligi.
Mundan başga-da, “Global gün tertibinde ýaşlar” we “Geljegiň gözleri bilen dünýä” atly tematiki panel sessiýalary geçirildi. Çäräniň dowamynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynda tassyklamak üçin iberiljek dürli ugurlar boýunça halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu maslahata Alžir, Bangladeş, Benin, Müsür, Indoneziýa, Yrak, Eýran, Gazagystan, Kamerun, Nigeriýa, Kanada, Bahreýn Patyşalygy, Liwan, Liwiýa, Malaýziýa, Marokko, BAE, Oman, Pakistan, Palestina, Saud Arabystany, Türkiýe we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan gatnaşdylar.