Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda dünýä ylmy barlaglara we işläp düzmelere has uly üns berip başlady. 2024-nji ýyla çenli dünýä boýunça ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine edilýän çykdajylar üç trillion dollara golaýlady, 2000-nji ýylda bolsa, bu görkeziji bir trillion dollardan geçmeýärdi.
Bu infografikada 2000-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň jemi çykdajylarynyň ortaça ýyllyk ösüş depgini boýunça iň çalt ösýän ýurtlar görkezilýär. Maglumatlar Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) görkezijilerine esaslanýar. Ähli gymmatlyklar alyjylyk ukybynyň pariteti boýunça düzedilen ABŞ dollarynda berilýär.
Hytaý reýtingde birinji ýerde durýar: onuň ylmy-barlaglara çykdajylary 2000-nji ýyldan bäri ortaça ýyllyk 13,1% ösdi. Bu döwürde ýurduň ylma goýan jemi maýa goýumlary 40,8 milliard dollardan 2024-nji ýylda tas 786 milliard dollara çenli ýokarlandy, bu bolsa dünýä möçberiniň 27%-ine deňdir.
Ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň çalt ösmegi Hytaýy dünýäniň esasy innowasiýa merkezleriniň birine öwürdi. 2000-nji ýyldan bäri dünýädäki ähli patent arzalarynyň 36%-den gowragy bu ýurduň paýyna düşýär, şeýle hem ol emeli aň ulgamynda patentleriň sany boýunça liderlik edýär.
Saud Arabystany ikinji ýeri eýeleýär: onuň ylmy barlaglara çykdajylary, ortaça, ýyllyk 13% artdy, bu bolsa girdejisi ýokary bolan ýurtlaryň arasynda iň ýokary görkezijidir. Müsür ondan soň gelýär – 2000–2024-nji ýyllar aralygynda onuň ylmy işlere çykdajylarynyň ösüşi ýylda tas 12% boldy.
Iň çalt ösýän maýadarlaryň hataryna birnäçe ösýän ykdysadyýetli ýurtlar – Indoneziýa, Taýland we Wýetnam hem girýär. Şol bir wagtyň özünde, olaryň jemi çykdajylary dünýä ölçegleri bilen deňeşdireniňde entek birneme pesligine galýar.
Russiýa we ABŞ (ýokardaky sanawa girmediler) ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň absulýut möçberi boýunça dünýäde degişlilikde on birinji we ikinji ýerleri eýeleýärler, emma bu döwürde olaryň ösüş depgini birneme pes boldy.
Raýat ylmyna goýulýan uzak möhletleýin we durnukly maýa goýumlary jemi faktor öndürijiliginiň ösmegine oňyn täsir edip, ykdysady netijelilige, senagat ösüşine we tehnologiki liderlige ýol açýar. Mundan başga-da, ylma netijeli maýa goýýan döwletler ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmekde we hünärli hünärmenleri çekmekde artykmaçlyklara eýe bolýarlar – bu bolsa ählumumy bäsleşigiň diňe bir arzan işçi güýjüne däl, eýsem innowasiýalara esaslanýan häzirki döwründe aýratyn ähmiýete eýedir.