Dünýäniň iň gadymy desgalarynyň biri bolan Göbeklitepe ybadathana toplumy soňky ýyllarda Anadolynyň günorta-gündogaryndaky meşhur syýahatçylyk mekanyna öwrüldi. Göbeklitepe 2019-njy ýylda köpçülige açylaly bäri, 3 million 645 müň ýerli we daşary ýurtly syýahatçy geldi. 2025-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda megalite 385 müň 511 syýahatçy geldi.
Welaýat merkezi Şanlyurfadan 18 kilometr uzaklykda ýerleşýän Haliliýe etrabynda ýerleşýän bu toplum 1963-nji ýylda tapyldy we 1995-nji ýyldan bäri gazuw-agtaryş işleri dowam etdirilýär. 2018-nji ýylyň iýul aýynda Göbeklitepe toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we 2019-njy ýylyň mart aýynda bolsa, ýokary derejeli döwlet wekilleriniň gatnaşmagynda resmi açylyşy boldy. Türkiýe döwletiniň karary bilen 2019-njy ýylda ýurtda “Göbeklitepe ýyly” diýlip yglan edildi.
Anadolynyň mirasyny wagyz etmek maksady bilen Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi wagtal-wagtal daşary ýurtlarda dürli çäreleri gurnaýar. Ministrlik tarapyndan Rimde gurnalan “Göbeklitepe: mukaddes ýeriň syry” atly sergä alty aýyň içinde alty milliondan gowrak jahankeşde baryp gördi.