Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde iki sany täze gökdirän binanyň gurluşygyna girişmäge taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu iki gökdirän “Gazprom” energiýa kompaniýasy tarapyndan “Lahta merkeziniň” (462 metr) gapdalynda gurmak meýilleşdirýär. Täze gökdiränleriň beýikligi 555 we 703 metre deň bolar.
Maý aýynda Sankt-Peterburgyň şähergurluşyk komiteti “Sinergiýa” paýdarlar jemgyýetiniň Primorskiý etrabynda “Lahta Merkezi-2” we “Lahta merkezi-3” gökdirän binalaryny gurmak üçin taslama resminamalaryny taýýarlamak baradaky arzasyny tassyklady. Bu işler şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanar, gurluşyk işleri 2031-nji ýyla çenli tamamlanar. Hünärmenler bu taslamanyň şäheriň keşbine aýratyn gözellik çaýjakdygyny bellediler. Sankt-Peterburgyň taryhy bölegi, adatça, 7-9 gatly binalary bilen tapawutlanýar.