Wýetnam birleşigiň hyzmatdaş ýurdy hökmünde BRICS-e goşuldy. Bu maglumat Wýetnamyň daşary işler ministrliginiň Maglumat we metbugat bölüminiň müdiri Fam Thu Hang tarapyndan tassyklandy.
-BRICS-e başlyklyk edýän Braziliýa, Wýetnamyň bu topar tarapyndan hyzmatdaş ýurt derejesini alandygyny habar berdi. BRICS-iň hyzmatdaş döwleti hökmünde Wýetnam “ösýän ýurtlaryň ähmiýetini güýçlendirmek, halkara raýdaşlygyna we halkara hukugyna hormat goýmak esasynda köptaraplaýyn çemeleşmäni ösdürmek maksady bilen işjeň goşant goşmak” isleýär – diýip, resmi wekil belledi.
-Halkara integrasiýanyň çäginde Wýetnam köptaraplaýyn mehanizmleriň, guramalaryň we forumlaryň işine amaly goşant goşup, sebitde we bütin dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga, hyzmatdaşlyga we ösüşe ýardam berýär – diýip, Pham Thu Hang belledi.
-Wýetnamyň BRICS-iň hyzmatdaş döwletine öwrülmegi, dost, ygtybarly hyzmatdaş, halkara jemgyýetçiliginiň işjeň we jogapkär agzasy bolmak üçin garaşsyzlyga, öz-özüni üpjün etmäge, köptaraplaýynlyga we daşary gatnaşyklary diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen yzygiderli daşary syýasatyny tassyklaýar – diýip, ol belledi.
Wýetnam birleşigiň onunjy hyzmatdaşy boldy.
Häzirki wagtda BRICS-e Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika, BAE, Eýran, Müsür, Efiopiýa we Indoneziýa ýaly 10 ýurt girýär. Bu bileleşik Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň ykdysadyýet ministrleriniň gatnaşmagynda Sankt-Peterburg ykdysady forumynyň çäginde 2009-njy ýylyň iýun aýynda esaslandyryldy.