UEFA Ýewropa Ligasynda çärýek finalyň 1-nji duşuşygynda “Reýnjers” bilen “Atletik Bilbao” toparlarynyň arasyndaky oýunda hasap açylmady. Ýöne duşuşyk uly wakalara baý boldy.
Duşuşygyň 13-nji minutynda “Reýnjersden” Robin Pröpper gyzyl kart aldy. Aslynda emin oňa ilki sary kartyny görkezipdi, ýöne VAR-yň görkezmesi boýunça pursata täzeden seredildi we netijede emin gyzyl kartyny çykardy.
Duşuşygyň 76-njy minutynda ispan kluby hasaby açdy. Ýöne VAR-da seljerileninden soň gol ofsaýt diýlip, hasaba alynmady. Emma goldan öň top “reýnjersli” futbolçynyň eline degendigi üçin penalti bellenildi. Ony-da oýna soň giren Aleks Berenžer dürs ýerine ýetirip bilmedi. Derwezeçi Liam Kelli topy saklamagy başardy.
Oýnuň ahyrlarynda-da “Reýnjersde” penaltä sebäp bolan Duhon Sterling şikes aldy. Mümkin bolan ähli oýunçysyny çalşan “Reýnjers” duşuşygy 9 oýunçy bolup tamamlady. Netijede eminiň goşan 12 minutyndan soň duşuşyk golsuz ýagdaýda gutardy.