Awstraliýanyň «Qantas» awiakompaniýasy geljek ýylyň başynda Sidneý-London we Sidneý-Nýu-Ýork ugurlarynda düşlemesiz howa gatnawlaryny ýola goýar. Bu uçuşlar dünýädäki iň uzak aralyklara amala aşyrylýan täjirçilik maksatly gatnawlar bolup, azyndan, 19 sagat dowam eder. Bu barada awiakompaniýanyň baş direktory Wanessa Hadson mälim etdi.
Häzirki wagtda dünýäniň iň uzak aralygyna howa gatnawy «Singapore Airlines» awiakompaniýasy amala aşyrýar. Kompaniýanyň uçarlary Nýu-Ýork-Singapur aralygyndaky 13 müň 320 kilometre golaý ýoly 18 sagat 40 minutda geçýärler. Awstraliýanyň «Qantas» awiakompaniýasy hem, iň uzak aralyklara uçuşlary amala aşyrýanlaryň ilkinji üçlügine girýär. Häzirki wagtda awiakompaniýanyň uçarlary London-Pert aralygyndaky 12 müň 600 kilometr ýoly 16 sagat 30 minutda geçýär.
Wanessa Hadson «Qantas» awiakompaniýasy 2018-nji ýylda London-Pert aralygynda howa gatnawyny açanda, bu ugra ýolagçylaryň islegi örän ýokary bolupdyr. Şeýlelikde, awiakompaniýa Sidneý bilen Londonyň arasynda-da şeýle uzak uçuşlary ýola goýmagyň maksadalaýykdygyna göz ýetiripdir.
Täze howa gatnawlary üçin «Airbus 350-1000» kysymly uçarlar ulanylar. Bu uçarlaryň ilkinji tapgyry şu ýylyň ahyrynda awiakompaniýa gowşurylar. Aslynda «Qantas» bu uçarlary 2022-nji ýylda sargyt edipdir we Londona uçuşlary 2025-nji ýylda başlatmagy meýilleşdiripdir. Emma düzgünleşdiriji edaralar uçarlary öndürýän «Airbus» korporasiýasyna uzak uçuşlar üçin niýetlenen goşmaça ýangyç baklaryna käbir üýtgetmeleri girizmegi talap edensoň, meýilnamalar az-kem gijä galypdyr.