«Google» Beýik Britaniýada internet gözleglerinde emeli aň tehnologiýasyndan peýdalanyp başlady. Synag maksady bilen ýola goýlan bu tehnologiýada emeli aň ulanyja gözleýän zadynyň ilki mazmunyny hödürleýär. Internet saýtlary bolsa, bu tehnologiýanyň ulanyjylarynyň sanyny azaldyp biljekdigine ünsi çekýärler. Geçen ýyl «Google» ABŞ-da hem bu tehnologiýany synagdan geçiripdi. Emeli aň ulanyja emeli aň tarapyndan taýýarlanan umumy düşünje berer.
«Search Generative Experience» atly bu aýratynlyk bir ýyldan bäri ABŞ-da ulanylýar. Emma ondan diňe «Google Labs» arkaly ýazylan ulanyjylar peýdalanyp bilýärler. «Google»-yň geljekde diňe tölegli abunaçylaryna şeýle hyzmaty hödürlemegi maksat edinýändigi bellenilýär. Şeýle hem «Google» mahabatsyz gözlegi hödürlemek üçin hem işleýär.
Didar ATABERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.