Halkymyzyň ýürek syry, ynamy, ygrary bolan türkmen halylary asyrlaryň dowamynda özüniň inçe sungat, mizemez gözellikdigini ykrar etdirip gelýär. Halylarymyzdaky ajaýyp nagyşlar milletimiziň gözellige bolan söýgüsinden nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalarynyň netijesinde milli gymmatlyklarymyzyň arzysy barha artýar. Il-günüň kalbyna deňelýän nepis we owadan halylarymyz medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşýär. Waspy dessana mynasyp türkmen halylary müňlerçe ýyllaryň taryhyny özüne siňdiripdir. Onuň her bir nagşynda, gölünde enäniň gyzyna ündewi, zenanyň ýürek arzuwlary janlanýar. Haly dokalanda inçe çitmek, tekiz gyrmak ussatlyk hasaplanýar. Müňlerçe çitimleriň, öýdümlerdir gyrymlaryň, mukama çalym edýän darak kakmalaryň esasynda dörän bu gymmatly senetde pederlerimiziň durmuş hakykatlary çeper beýanyny tapýar.
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halysy we onuň şekilleriniň, nyşanlarynyň, tükeniksiz nagyş gözelliginiň, şahyranalygynyň çäksiz dünýäsi hakynda gürrüň berýän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly eserlerinde getirilen jümleleri, etnografik aýratynlyklary dogrusynda çykyşlarda giňişleýin durup geçdiler. Elbetde türkmen haly sungatyna, onuň bilen baglanyşykly bolan däp-dessurlara, rowaýatlara, milli mirasymyza ser salanyňda, türkmen zenanlarynyň aň-düşünjesiniň, akyl-paýhasynyň örän ýokary derejede bolandygyna göz ýetirýärsiň. Türkmen halysynyň gözelligi her bir ynsanyň ruhy teşneligini gandyrýar. Ýaşaýşa, ruhy gözelliklere bolan höwesini artdyrýar. Haly türkmen durmuşynda mukaddeslige eýe bolan gözelligiň ajaýyp nusgasydyr. Pähim-paýhasly ene-mamalarymyz nepis halylaryna gözellik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, ýagşylyk ýaly asylly ýörelgelerini, ata Watana, mukaddes topraga, ene-ata bolan söýgülerini siňdiripdirler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň geçmiş taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen halky geçmişde dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan halkdyr. Ýurdumyzda geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan maddy we ruhy medeniýetimize degişli arheologik gymmatlyklar eziz Watanymyzyň şöhratly taryhynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýandygyny görkezýär. Şol şanly geçmişiň dowamynda halkymyz maddy we ruhy medeniýetiniň ençeme gymmatlyklaryny döredipdir, olaryň naýbaşylarynyň biri-de halyçylyk sungatydyr. Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köp asyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada ilkinji ýatlamany ХIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo galdyryp gidipdir. Ol öz kitabynda şeýle ýazýar: «Bu ýerde, bilýäňizmi, dünýäde iň nepis owadan halylar dokalýar, şonuň ýaly-da diýseň gowy, gymmat bahaly gyzyl hem başga reňkli matalar dokalýar, başga-da köp zatlar öndürilýär».
Türkmen topragam, tebigatam, bedew atam, gazma dutaram, milli şaý-sepem, şonuň ýaly-da nepis halysam gözeldir. Halylarymyzyň nagyşlaryna bitewilik, sazlaşyk, paýhaslylyk mahsusdyr. Halyçylyk işi inçe hem hysyrdyly, şol bir wagtyň özünde-de, diýseň jogapkärli. Saryja goýnuň ýüňi, tebigy boýaglar, ýüňlerden endigan edilip çekilen süýümler, egrilip taýýarlanan çitimlik ýüpler, erişdir argaçlar esasy gerek zatlar. Halynyň gözelligine, nepisligine haýran galan her bir ynsan ony dokan elleriň çeperligine, ýürekleriniň gözelligine göz ýetirýär. Türkmeniň guwanjy, buýsanjy hasaplanýan halyda halkyň geçmiş taryhy, arzuwy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň milli halyçylyk sungaty baradaky oý-pikirlerini, halyçylyga degişli gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly eserleri türkmen halkyna, ezber elli halyçylarymyza ajaýyp sowgat boldy. Gadymy däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza çuňňur sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz haly sungatyny mukaddeslik derejesine ýetirip, türkmen halysynyň şan-şöhratynyň äleme ýaýylmagyna giň ýol açdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halyçylyk sungaty ösüşiň şaýoluna düşdi. Taryhyň gatlaryna aralaşsaň, geçmişde ussat halyçylarymyzyň ençemesiniň bolandygyna buýsanýarsyň. Olaryň ylhamyndan, yhlasyndan ilkinji äpet haly dünýä indi. Goý, gözelligiň, nepisligiň, kämilligiň nusgasy bolan türkmen halylarymyz öýlerimiziň törüni bezesin!
Akjagül ATAÝEWA,
Tejen şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň
ýokary derejeli taryh mugallymy,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.