Grenlandiýanyň dört parlament partiýasy hökümet gurmak üçin koalisiýa şertnamasyna gol çekdi. Olaryň iň ulusy Demokraatit (“Demokratlar”) partiýasynyň başlygy Jens-Frederik Nilsen täze Premýer-ministr boldy. Habarlara görä, «Demokraatit” partiýasyndan başga-da, hökümetde «Inuit Ataqatigiit” (Halk jemgyýeti), «Siumut” (Öňe) we «Atassut” (Raýdaşlyk) bar. Täze Kabinet adanyň Garaşsyzlygy gazanmak üçin ozal işlenip düzülen ýol kartasyny goldaýar. “Koalisiýa Garaşsyzlyga barýan kanuny ýoly we Grenlandiýanyň halkynyň oňa nähili gatnaşmalydygyny kesgitlän komissiýanyň işiniň iki ýylyň içinde dowam etdirilmegini we tamamlanmagyny üpjün eder” diýlip, ylalaşykda aýdylýar. Täze hökümet Daniýa bilen öz-özüňi dolandyrmak baradaky kanunyň täzeden gözden geçirilmegine getirjek gepleşikleri geçirer.
Ministrler Kabineti parlament tarapyndan tassyklanylandan dessine geljekki hyzmatdaşlygyň täzelenen we döwrebap binýadyny döretmek maksady bilen Daniýa döwleti bilen gepleşiklere başlar. Gepleşikler şu aşakdakylara esaslanar: “Grenlandiýa bilen Daniýa, şeýle-de grenlandiýalylar we daniýalylar deňhukukly we birmeňzeş gymmata eýe bolmalydygy barada özara ylalaşyk gazanmaly. Geljekki ykdysady hyzmatdaşlyk, şol sanda Grenlandiýanyň ösüşi üçin zerur bolan maýa goýumlary barada düýpli gepleşiklere başlamaly» diýlip, beýanatda bellenilýär.
11-nji martda Grenlandiýada parlament saýlawlary geçirildi. 29,9% ses alan sosial-liberal partiýa “Demokratlar” 10 orun, merkezi “Naleraq” (“Pursat”) 24,5% – 8, “Halk jemgyýeti” sosialistik partiýasy 21,4% – 7, sosial-demokratik “Öňe” 14,7% – 4, liberal-konserwatiw “Raýdaşlyk” 7,3% -2 orna eýe boldy.
Grenlandiýa Ýer şaryndaky iň uly adadyr. Ol geografik taýdan Demirgazyk Amerikanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän hem bolsa, syýasy, medeni we ykdysady babatda taryhy döwürlerden bäri Ýewropa ýurtlaryna ýakyndyr. Bu ada, töweregindäki kiçi adalar bilen bilelikde Daniýa Patyşalygynyň bir bölegi bolan adybir özbaşdak dolandyryş birligini emele getirýär. Ada Atlantik we Demirgazyk buzly ummanlary bilen ýuwulýar. Dünýäniň iň uly adasynyň 57 müň töweregi ilaty bar. Adanyň giň özbaşdaklygy bar, emma daşary syýasat, goranmak we howpsuzlyk ýaly möhüm meseleler Kopengageniň ygtyýaryndadyr. 2024-nji ýylda Grenlandiýanyň hökümeti 10 ýyllyk daşary syýasat strategiýasyny hödürledi.