11-nji martda Grenlandiýada parlament saýlawlary geçirildi. Grenlandiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, 40,3 müň sesiň 28,6 müň sesi sanandan soň, “Demokratlar” partiýasynyň 29,9% ses alyp, öňde barýandygy belli boldy. “Demokratlar” adanyň garaşsyz bolmalydygy barada edýän tagallalary bilen tanalýar.
Grenlandiýanyň häzirki Premýer-ministriniň ýolbaşçylyk edýän partiýasy “Inuit Atakatigit” 21,4% ses alýar. Adada 2021-nji ýylda geçirilen soňky parlament saýlawlarynda partiýa parlamentdäki 31 ornuň 12-sine eýe bolup, soňra “Siumit” partiýasy bilen hökümet koalisiýasyny döretdi. “Simuit” partiýasy 14,7% ses alýar, “Nalerak” partiýasy 24,5%, “Atassut” partiýasy 7,3% ses alýar.
Grenlandiýanyň garaşsyzlygy baradaky mesele ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň adany ABŞ-a birikdirmek islegi baradaky çykyşlaryndan soň gozgaldy. Grenlandiýada hiç bir syýasy partiýa ýa-da ilatyň aglaba köplügi ABŞ-a goşulmagy goldamaýar. Munuň tersine, ähli syýasatçylar Daniýadan hem ABŞ-dan hem hakyky garaşsyzlygy goldaýarlar.
Grenlandiýa 1953-nji ýyla çenli Daniýanyň koloniýasydy. Häzirki wagtda bu ýurt Daniýa Patyşalygynyň bir bölegi bolmagynda galýar, ýöne 2009-njy ýylda özüni dolandyrmak we içerki syýasatda garaşsyz karar kabul etmek mümkinçiligi bilen özbaşdaklyga eýe boldy.
Geografik taýdan Demirgazyk Amerikada ýerleşýän adanyň 57 müň töweregi ilaty bar.