Gruzin edebiýaty öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Baý arheologik materiallary bolsa-da, hristianlyk döwrüne çenli ýazuw ýadygärlikleriniň bolmazlygy, bu döwrüň kitap medeniýeti barada pikir ýöretmäge mümkinçilik bermeýär. Şeýle hem başga dillerde ýazylan, esasan hem grek dilinde ýazylan ýazuw çeşmeleriniň bolmagy Gruziýada hristianlyk döwrüne çenli hem adaty döwlet gurluşynyň, ösen medeniýetiniň bolandygyna güwä geçýär.
Gruzin edebiýatynyň ösüşi IV asyryň başlarynda döwlet dini diýlip yglan edilen hristianlygyň kabul edilmegi bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Orta asyrlaryň irki döwürlerinden (X-XI asyrlar) biziň günlerimize çenli gelip ýeten gruzin edebi ýadygärlikleri diňe buthana edebiýatyna degişli eserleriň nusgalaryndan ybaratdyr. 493-nji ýyl diýlip senelenen Bolnisi ybadathanasynyň ýüzündäki ýazgy iň gadymy gruzin edebi ýadygärligi hasaplanýar. XI asyra çenli degişli bolan ilkinji ýazuw ýadygärlikleri, başdan-aýak buthana (hususri) haty bilen ýazylyp, soňra kem-kemden rys elipbiýsine (mhedruli) geçilýär.
1 müň 500 ýyldan gowrak döwri öz içine alýan gruzin buthanasynyň däp-dessurlary Gruziýanyň özünde şeýle hem onuň çäklerindуn daşarda Afon (Gresiýa) we Sinaý (Müsür) daglarynyň buthana merkezlerinde, Palestinada we gadymy Bolgariýada has joşgunly edebi eserleri saklapdyr. Meşhur hristian ýazuw ýadygärlikleriniň ählisi diýen ýaly gruzin diline terjime edilipdir. Olaryň käbiriniň diňe gruzinçe terjimeleri saklanyp galypdyr. Şonuň üçin olaryň hristian medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde ägirt uly ähmiýeti bar. Köp terjimeler bolsa, terjimeçileriň giňden düşündirişleri bilen berlipdir.
Buthana edebiýatynyň beýleki ugurlarynyň arasynda keramatly adamlaryň durmuşyny beýan edýän edebiýat aýratyn ünsi çekýär. Ýakow Husesanyň V asyrlara we Ioann Sabanisdzeniň VIII asyrlara degişli bolan eserleri asyl nusgasy boýunca has gadymy hasaplanýar. IХ-Х asyrlarda gruzin edebiýatynda “Keramatly adamlaryň durmuşyny beýan edýän” has meşhur žanr bolupdyr. Bu žanryň nusgalary ozaly bilen 951-nji ýylda Georgi Merçul tarapyndan ýazylan Gruziýanyň aň-bilim ýaýradyjy zenanlary Ninonyň we Grigoriýa Handztiskiniň ömür beýany barada ýazylan eserler we beýlekilerdir.
Dünýewi edebiýatynyň has irki tapgyrlaryna ynsanperwer ylymlary mahsusdyr. Şahsy duýguly we dünýewi ymtylyşly adam Ýewropanyň beýleki hristian halklarynyň edebiýatyna garanyňda, gruzin edebiýatynda has ir peýda bolupdyr. Х-XI asyrlaryň çäklerinde başlan feodal Gruziýanyň döwletiniň kuwwaty Dawit Stroiteliň we Tamara Uspeşnaýanyň döwürlerinde iň ýokary derejä baryp ýetýär. Olaryň milli döwletlilik baradaky taglymlarynyň ýaýramagy ähli ugurlar babatda Gruziýanyň kem-kemden Ýakyn Gündogarda ilkinji orunlaryň birini eýelemäge mümkinçilik berýär.
Harby-rysar toparlary we köşk han-begleri öz ideýalarynyň jogaplaryny musulman edebiýatyndan, esasanam, pars edebiýatyndan tapýarlar. Bu isleg ilkinji nobatda terjimeler bilen kanagatlandyrylyp, olardan aýratynam, “Wis we Ramin” atly dessan uly ähmiýete eýe bolýar. Fähreddin Gorganiniň (XI asyr) şygyr bilen parsça ýazan “Wis we Ramininiň” şahyrana terjimesi (XII asyr) uly meşhurlyk gazanýar. Şeýle hem gahrymançylykly eser “Amiran Darejaniani” XII asyryň başlarynda Mose Honeli tarapyndan ýazylyp, uly meşhurlyk gazanýar.
Şawteliniň, Çuhruhadzeniň orta asyrlardaky odalary we Rustaweliniň şygryýet dünýäsi gruzin edebiýatynyň “Altyn asyryna” aýratyn zynat berýär. Bu uly söz ussatlarynyň eserleriniň üçüsiniň hem aýratyn gadyr-gymmaty bolup, olaryň her birisi taryhy-edebi we medeni-jemgyýetçilik bähbitlerini öňe sürýärler.
Awtory näbelli bolan, XI asyrda ýazylan “Gruziýanyň hronikasy” bolsa, V asydan VI asyra çenli bolup geçen dürli wakalary öz içine alýar. XIII asyrda eýýäm “Gruziýanyň durmuşy” (Kartlis Shobreba) atlandyrylan ýyl ýazgylary ýygyndysy düzülýär. XV asyra çenli bu ýygyndynyň kem-kemden üsti doldurylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetýär.
Mongollaryň döwründe üç ýüz ýyllap diýen ýaly dowam eden ümsümlikden soňra, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, gruzin dünýewi edebiýaty hem XVI asyryň başlarynda ýaňadandan janlanyp başlaýar. Galkynyş döwrüniň edebi ýadygärlikleriniň arasynda ozaly bilen terjime edilen eserler has-da ünsi çekýär.
Şa Teýmuraz I (1589—1663) XVII asyryň belli şahyrlarynyň arasynda görnükli orny eýeleýär. Onuň ýazan eserleri ondaky uly çeper döredijilik ukybyny ýüze çykarýar. Arçil şa (1647—1713) taryhda gruzin çap işlerini özünden soňkulara ýadygärlik galdyrýar. Onuň başlangyjy bilen 1705-nji ýylda Moskwada gruzin çaphanasy esaslandyrylýar.
Şa Wahtang VI (1675-1737) feodal Gruziýanyň taryhynda görnükli orun eýeleýär. Ol Tiflisde (1709) gruzin çaphanasynyň esaslandyryjysy we gruzin kanunlaryny düzüjisidir. 1801-1804-nji ýyllarda Gruziýanyň Russiýnyň düzümine birikmegi bilen ýurduň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşynda täze döwür başlanýar. Şol döwürlerde Aleksandr Çawçawadze (1786—1846) we Grigoriý Orbeliani (1800—1883) ýaly milli duýguly şahyrlar ýüze çykýar. Gruzin romantizminiň iň uly wekilleriniň biri Nikolaý Barataşwili (1816—1845) öz milli duýgularyny aýdyň beýan edýär. Gruzin edebiýaty 1860-njy ýyllarda öz ösüşiniň täze döwrüne başlaýar. Ýaş nesillere Peterburgyň we Moskwanyň uniwersitetlerinde röwşen pikirlileler bilim beripdirler. OLar täze esaslarda gruzin medeniýуtini üzül-kesil başgaça gurmak boýunça öz meýilnmalaryny amala aşyryp başlapdyrlar. Bu täzeden döreýiş edebiýata hem birtopar täzelikler alyp gelipdir. Könäniň we täzäniň arasyndaky gapma-garşylyk, täzäniň rüstem gelmegi bilen tamamlanyp, netijede, jemgyýetçilik-medeni we edebiýat meýdanynda täze edebi taglymlar, mowzuklar we täzelenen dil peýda bolýar. Täze edebi tankyt guralyp, žurnallar tapgyry we beýleki wagtal-wagtal çykýan neşirler peýda bolýar, dürli medeni jemgyýetler we guramalar esaslandyrylýar we giň okyjylar köpçüligi kemala gelýär. Täze döredijilik toparlarynyň arasyndan bolsa, gruzin edebiýatynyň ussat halypalary ýüze çykýar.
Ilýa Grigorewiç Çawçawadze (1837—1907) uly şahyr, ýazyjy we jemgyýetçilik işgäri bolup XIX asyryň ikinji ýarymynyň esasy şahslarynyň biridir. Akakiý Sereteliý (1840—1915) Gruziýanyň milli ideýalaryna has çuňňur aralaşan şahyry, ýazyjysy, akyldary we magaryfçylarynyň biridir. Onuň şygryýetde döreden ähli çeper keşpleri Gruziýanyň baý dünýäsinden söz açýar. Iki döwrüň sepgidinde ýazyjy Aleksandr Kazbegi (1848—1893) şahyr we ýazyjy Waža Pşawela (1861—1915) ýaly belli ýazyjylar bar. Bu ýazyjylaryň esasy mowzugy könäniň we täzäniň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasyndaky gatnaşyklardan ybarat.
Geçen XX asyr gruzin edebiýatyna köp özgerişler getirdi. Ýaşuly nesliň wekilleri bilen bir hatarda täzeçil ýazyjylar peýda bolup, olaryň döredijiligi arkaly edebiýatda we sungatda täze öwüşginler, şeýle hem täze ýüzýyllygyň möwç urýan wakalary ýiti yz galdyrdy. Mihaýil Jawahişwili (1880–1937) köptaraplaýyn ýazyjy bolup, dürli edebi tärleri ussatlyk bilen ylanyp bilen söz ussadydyr. Grigol Robakidze (1880–1962) şahyr, nowellaçy we dramaturg bolup, “Gök buýnuz” edebi bileleşiginiň has işjeň agzalarynyň biridir. Konstantin Gamsahurdia (1891–1975) uly prozaçysy we romançydyr. Galaktion Tabidze (1891–1959) XX asyryň birinji ýarymynyň iň uly şahyrlarynyň biridir. Onuň şygryýetde şahyrana oý-pikirler ýokary derejede ulanylýar. Anna Kalandadze (1924- 2008) 1950-nji ýylda ilkinji şygyrlar ýygyndysy çykan badyna, köpçüligiň hormatyna mynasyp bolýar.
Murman Lebanidze (1922–1997), Muhran Maçawariani (1929 – 2010), Şota Nişnianidze (1924–1995) dagy ýaşuly nesliň meşhur şahyrlarydyr. Köp sanly ýaş ýazyjylar Ikinji jahan urşunda wepat bolýar. Bu uruşda Gruziýa 700 müňden gowrak ýigitlerini pida etdi. Soňra N. Dumbadze (1928-1984), G. Rçeulişwili (1934- 1960), R. Inanişwili (1926-1991) ýaly ýazyjy-şahyrlar peýda bolýar. Georgiý Leonidze (1899-1966) ozal şahyr hökmünde tanalyp, soňra prozaçy awtor hökmünde öňe saýlanýar. Otar Çiladze (1933- 2009) öz meýilnamasy boýunça has çylşyrymly bolan birnäçe roman ýazýar. Onuň eserlerinde realistik we mifologik äheňler bir-biri bilen utgaşýar. Çabua Amiredjibi hem (1921- 2013) öňdebaryjy ýazyjylaryň biridir, onuň ýazan “Tutaşhiýanyň senesi” (1972) uly we çylşyrymly roman bolup, onda erbetlik we gowulyk deňeşdirilip, adamyň şahsyýeti belent derejede beýan edilýär.
Şu günki günde gruzin edebiýaty dünýä edebiýatynyň öňdebaryjy aýratynlyklaryny hem özleşdirip, täze edebi öwüşginlere eýe boldy.
Taýýarlan Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman- Türkmenistan”