“Ember” maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatyna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda dünýäde önümçilik kuwwaty 380 GW bolan täze desgalar ulanmaga berildi. Şeýlelikde Gün iň köp ösýän energiýa çeşmesi boldy. Bu ugurda Hytaý öňdeligini saklap galdy, Hindistan ikinji, ABŞ üçünji boldy. Täze işe girizilen Gün elektrik beketleriniň 67 göterimi Hytaýa degişli boldy. Bu bolsa, ýurtda önümçilik kuwwaty 256 GW bolan Gün beketleriniň gurlandygyny aňladýar. Hytaýdan beýleki ýurtlar jemi 124 GW-lyk Gün beketlerini gurdular. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe görä, 15 göterim artyk diýmegi aňladýar. Hindistanda Gün energiýa pudagy 49 göterim ösüp, ýurtda önümçilik kuwwaty jemi 24 GW bolan täze desgalar işe girizildi. Bu görkeziji ABŞ-da 21 GW boldy.
Afrika ýurtlarynda hem Günden energiýa alýan beketleriň sany barha artýar. Afrika ýurtlarynyň Hytaýdan import edýän Gün panelleriniň möçberi 60 göterim ýokarlanypdyr.
Batyr Haýydow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.