Daşky gurşawyň aýawly saklanmagy bilen bagly aladalar bütin dünýäde täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine sebäp bolýar. Hünärmenler arassa elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen, Gün panelleriniň ornuny tutjak we penjire hökmünde ulanyp boljak aýnany işläp taýýarladylar. Organiki plastmassadan ýasalan dury material öýleri, iş ýerlerini, uly önümçilik desgalaryny, senagat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edip biler. Bilermenleriň bellemeklerine görä, geljekki binalaryň taslamalary bu penjirelerden has netijeli peýdalanmak üçin ýörite taýýarlanar. Berlen maglumata görä, penjireler on göterimlik netijelilik bilen işleýär. Bar bolan penjireleriň ýerine oturdyljak aňrysy görünýän Gün panelleri elektrik energiýasyny öndürmek üçin goşmaça ýerlere bolan zerurlygy aradan aýrar. Täze usulyň köpçülikleýin önümçilik üçin amatlydygy mälim edildi. Bu ylmy tejribe barada “Joule” žurnalynda makala çap edildi. Makalanyň awtory, elektrik inženeri, professor Stefen Forrest ini we boýy iki metrlik ýarymdury organiki Gün panellerini öndürip bilýändiklerini aýdýar. Häzirki wagtda ulanylýan Gün panelleriniň aglabasy silikondan öndürilýär. Bu bolsa paneliň hiç hili şöhle geçirmegine mümkinçilik bermeýär. Täze usul arkaly ýasalan  aýna bolsa hem Gün şöhlesinden elektrik energiýasyny öndürmäge, hem-de içinden belli bir derejede şöhläniň geçmegine mümkinçilik berýär. Bu usul arkaly öndürilen aýnalar bilen 30 ýyla çenli elektrik energiýasyny öndürip boljakdygy bellenilýär.

Tawus Handurdyýewa, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy