1781-nji ýylyň 13-nji martynda iňlis astronomy Wilýam Gerşel Gün ulgamynyň ýedinji planetasy – Urany açdy. Ilkibaşda kometa hasaplanan bu asman jisiminiň täze planetadygy tassyklanyp, Gerşel Patyşa jemgyýetiniň medaly bilen sylaglandy. Asman jisimine ilki «Georg ýyldyzy» ady berlip, soňra Iogann Bode tarapyndan häzirki Uran ady dakyldy.
PDF









