Şu gün Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýo­han­nes­burg şä­he­rin­de BRIKS to­pa­ry­nyň XV sam­mi­ti (Bra­zi­li­ýa, Rus­si­ýa, Hin­dis­tan, Hy­taý, Gü­nor­ta Af­ri­ka) açyl­ýar. Af­ri­ka­dan we dün­ýä­niň beý­le­ki se­bit­le­ri­niň ös­ýän ýurt­la­ryn­dan 60-dan gow­rak döw­let we hö­kü­met Baş­tu­ta­ny Ýo­han­nes­burg­da ýyg­na­nyp, glo­bal sy­ýa­sat, hal­ka­ra howp­suz­lyk we söw­da bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar. Bu sy­ýa­sy çä­rä bir­le­şi­giň bäş li­de­ri­niň dör­dü­si – Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Pre­zi­den­ti Si­ril Ra­ma­fo­sa, Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pin, Bra­zi­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Lu­is Ina­sio Lu­la da Sil­wa we Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di gat­na­şar. Sam­mit­de Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin hem çy­kyş edip, wi­deo bag­la­ny­şy­gy ar­ka­ly kär­deş­le­ri­ne go­şu­lar. Şeý­le hem bu sam­mi­te 20-den gow­rak hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­na­şar. Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ser­geý Law­row sam­mit­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na we­kil­çi­lik eder. “BRIKS we Af­ri­ka – çalt ösüş, dur­nuk­ly ösüş we kö­pu­gur­ly­lyk üçin hyz­mat­daş­lyk” mas­la­ha­tyň esa­sy mow­zu­gy bo­lar.
Sam­mi­tiň jem­leý­ji gü­nün­de “BRIKS-iň dost­la­ry” gör­nü­şin­de du­şu­şyk ge­çi­ri­ler. Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň me­ýil­na­ma­la­ry­na gö­rä, glo­bal Gü­nor­ta fo­ru­my dün­ýä­dä­ki or­nu­ny bir­nä­çe ge­zek ber­ki­dip, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň tu­tuş ul­ga­my­ny düýp­gö­ter öz­gert­me­gi mak­sat edin­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de, Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň we­kil­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, BRIKS to­pa­ry glo­bal Gü­nor­ta­nyň (Azi­ýa, Af­ri­ka, La­tyn Ame­ri­ka­sy we Ka­rib deň­zi) li­de­ri bol­ma­ly we has ada­lat­ly hal­ka­ra ter­ti­bi­ni dö­ret­mek işi­ne ýol­baş­çy­lyk et­me­li.
Hä­zir­ki sam­mit­de, BRIKS ýurt­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gün ter­ti­bin­de üç me­se­le or­ta aty­lar. Bu­lar yk­dy­sa­dy­ýet­de we ma­li­ýe pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek we gi­ňelt­mek; sy­ýa­sat­da we howp­suz­lyk pu­da­gyn­da he­re­ket­le­ri mun­dan beý­läk-de ut­gaş­dyr­mak; yn­san­per­wer­lik pu­da­gy­na üns ber­mek, jem­gy­ýet­çi­lik we me­de­ni de­re­je­de bir­le­şi­giň halk­la­ry­nyň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hö­wes­len­dir­mek ýa­ly ugur­lar­dan yba­rat­dyr.
Gu­ra­ma­nyň tä­si­ri art­dy­gy­ça, ýurt­la­ryň kö­pü­si BRIKS-e go­şul­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär, şu gü­ne çen­li 40-dan gow­rak ýurt öz pi­ki­ri­ni mä­lim edip, şo­lar­dan 23-si­niň res­mi ar­za­la­ry­ny iber­di. Olar Al­žir, Ar­gen­ti­na, Bang­la­deş, Bah­reýn, Be­la­rus, Bo­li­wi­ýa, We­ne­sue­la, Wýet­nam, Gon­du­ras, Mü­sür, In­do­ne­zi­ýa, Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Ku­ba, Ku­weýt, Ma­rok­ko, Ni­ge­ri­ýa, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri (BAE), Pa­les­ti­na, Sa­ud Ara­bys­ta­ny, Se­ne­gal, Taý­land we Efio­pi­ýa.
BMG-niň hü­när­men­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, BRIKS ýurt­la­ry dün­ýä ila­ty­nyň 42%-ini, dün­ýä je­mi içer­ki önü­mi­niň 27%-ini we hal­ka­ra söw­da­sy­nyň 29%-ini eýe­le­ýär. Hä­zir­ki sam­mit 24-nji aw­gus­ta çen­li do­wam eder. Gü­nor­ta Af­ri­ka­dan soň BRIKS-iň baş­lyk­ly­gy Rus­si­ýa ge­çer we in­di­ki sam­mi­tiň Ka­zan­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.