Geljek ýyl Meksika, Kanada we ABŞ-da geçiriljek 23-nji Dünýä Kubogynyň saýlama oýunlarynyň esasy tapgyry ahyrlap barýar. Günorta Amerika zolagyndan soňky çempion Argentinadan soň Dünýä Kubogyna gatnaşjak ýene-de 2 ýygyndy belli boldy. Täze täzlimçisi Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygynda Braziliýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyna ýollanma almagy başardy. 16-njy tapgyrda, ýagny saýlama oýunlarynyň bu zolakda tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, Braziliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Paragwaýy 1-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 44-nji minutda Mateus Kunýanyň pasyndan soň Winisius Junior geçirdi. Şunlukda, Braziliýanyň ýygyndysy 23-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar. Braziliýanyň ýygyndysy mundan öňki Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň ählisinde çykyş eden ýeke-täk topardyr.

Peru bilen golsuz deňme-deň oýnan Ekwadoryň ýygyndysy hem utugyny 25-e çykaryp, wagtyndan öň Dünýä Kubogyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Ekwadoryň ýygyndysy 5-nji gezek Dünýä çempionatyna wekilçilik eder.