Garward-Smitson astrofizika merkeziniň (ABŞ) astronomlary Günüň atmosferasynyň daşky çäkleriniň ilkinji birsyhly iki ölçegli kartasyny hödürlediler. Alfwen üsti diýlip atlandyrylýan bu üýtgeýän çäkler, Gün şemalynyň ýyldyzyň magnit dartyş güýjüni ýeňip geçip, ondan hemişelik uzaklaşýan sebitini alamatlandyrýar.
Kartany döretmek üçin alymlar NASA-nyň «Parker Solar Probe» kosmos zondy tarapyndan ýygnalan maglumatlary, şeýle hem uzakdan zondlamak usullaryny ulandylar. Bu barlaglar Gün işjeňliginiň artmagy bilen bu çäkleriň has uly bolýandygyny, onuň gurluşynyň bolsa, has çylşyrymly we tapawutly bolýandygyny görkezdi. Bu iş “The Astrophysical Journal Letters” neşirinde çap edildi.