Beýik binalaryň ýokarky gatlaryna çykmak üçin liftler, gyşyna ýylatmak, tomsuna serginletmek üçin köp mukdarda energiýa talap edýär. Täze işlenip taýýarlanýan tehnologiýa beýik binalaryň energiýa zerurlygynyň 40 göterimini üpjün edip biler. Bu tehnologiýa Günden gelýän ýylylygy yzyna gaýtaryp, diňe ýagtylygy geçirýär. Bu usul arkaly şöhläniň ýagtylygy aýnanyň içinden geçýär. Şeýle hem, bu aýna elektrik energiýasyny öndürýär. Elbetde, bu aýnalar adaty Gün panelleri ýaly netijeli bolmasa-da energiýa öndürip bilýär. Netijede, bar bolan binalaryň diňe penjirelerini çalyşmak arkaly energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär.
Iri şäherlerdäki beýik binalaryň daşynyň köp bölegi aýna bilen örtülýär. Bu ululykdaky meýdanyň energiýa öndürýän aýnalar bilen gaplanmagy şol binanyň energiýa zerurlygynyň uly bölegini üpjün edip biler. Ylmy barlagy Günorta Koreýanyň Kýonhi uniwersitetiniň hünärmenleri geçiripdir. Tomsuň yssy günlerinde has köp ulanylýan serginledijiler binanyň içini sowadýan hem bolsa howany gyzdyrýar. Bu bolsa belli bir derejede global maýylganlyga hem oňaýsyz täsir edýär. Bu enjamlar energiýany hem köp talap edýär. Bilermenler bu meseläni aradan aýyrmakda şeýle çözgütleriň has netijeli boljakdygyny belleýärler.
Atanyýaz Amanow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy
PDF









