Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatyndaky dünýäniň iň uly duzly kölleriniň biri bolan Urumiýe köli doly gurady. Eýran metbugatynda kölüň kosmos arkaly alnan suraty ýaýradyldy. Onda hiç hili suwuň alamaty görünmeýär. Mundan ozal ýurduň ýolbaşçylary bu meseläniň çözgüdi tapylmadyk ýagdaýynda kölüň tomsuň ahyrynda gurap biljekdigini belläpdiler. Urumiýe kölünde 2003-nji ýylda suwuň derejesi peselip başlapdy. 2013-nji ýylda bolsa, köl dolulygyna diýen ýaly gurapdyr.
Kölüň guramagynyň öňüni almak üçin iri taslamalar amala aşyrylýar.