Eýranyň çempionaty “Lig-e Bartar-e Xalij-e Fars”-da möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, çempion belli boldy. Sanawyň lideri “Traktor” topary myhmançylykda “Şams Azar” toparyndan Domagoý Droždegiň (2, 30), Amirhossein Hosseinzadehiň (9) hem-de Rikardo Alweşiň (84 p) gollary bilen 4-0 hasabynda üstün çykdy. 2-nji ýerdäki “Sepahan” topary bolsa öz meýdançasynda “Gol Gohardan” 2-1 ýeňildi. Bu netijelerden soň “Traktor” bilen “Sepahan” toparlarynyň arasyndaky utuk aratapawudy 8-e çykardy. Şeýlelikde, 28 oýunda 64 utuk toplan “Traktor” taryhynda ilkinji gezek çempion bolmagy başardy. Tebriz şäheriniň wekili mundan öň çempionatda 3 gezek çempionlyga golaýlap, 2-nji orny eýeläpdi (2012, 2013, 2015). Topara horwatiýaly Dragon Skoçiç tälim berip, klubda 2-3 sany horwat futbolçy bilen bir hatarda, portugaliýaly Rikardo Alweş hem-de Eýranyň milli ýygyndysynda ozal çykyş edýän derwezeçi Alireza Beiranwand, goragçy Şojae Halilzadeh, şeýle-de, häzirki wagtda oýnaýan Hossein Pur Hamidi, Aref Golami, Mehdi Torabi ýaly futbolçylar, çempionatyň iň netijeli 2-nji futbolçysy Amirhossein Hosseinzadeh,, Mehdi Haşemnejad  toparyň çempionlygyna uly goşant goşdular.

Eýranyň çempionaty 1970-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Şondan bäri dürli atlar bilen dürli formatlarda guralan çempionat 2001-nji ýylda häzirki adyny alýar. Çempionatda iň köp çempion bolan topar “Persepolis” toparydyr. Paýtagt Tähranyň wekili bolan bu klubuň 16 çempionlygy bar. 2-nji ýerde Tähranyň başga bir kluby “Esteglal” bolup, olar 9 gezek çempionlyk gazandy. “Pas Tehran” topary hem-de Yspyhan şäheriniň “Sepahan” toparynyň 5, Tähranyň “Saipa” toparynyň 3, “Ahwaz” şäheriniň “Fulad” klubunyň 2, ýene-de şol şäheriň topary “Esteglal Huzestanyň” 1 çempionlygy bar. “Traktor” kluby Eýranda çempionlyk gazanan 8-nji topardyr.

1970-nji ýylda esaslandyrylan “Traktor” toparyna 2022-nji ýylyň iýun-noýabr aýlarynda ildeşimiz Gurban Berdiýew hem tälim beripdi.