12-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar gaznanyň we Belarusyň degişli guramalarynyň arasynda çagalaryň saglygyny goramak hem-de goldamak ugrundaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi Belarusuň Çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowanyň Wise-prezidente iberen minnetdarlyk hatyny, şeýle hem çagalar üçin ýörite döredilen ösüş toplumyny gowşurdy.
O.Atabaýewa Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna gowşurylan minnetdarlyk haty we çagalar üçin sowgat babatynda hoşallygyny bildirdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.