26-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de ähmiýetini belledi. Şeýle hem O.Atabaýewa Türkmenistan bilen Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin Narine Saakýana Gahryman Arkadagymyzyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Narine Saakýan duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň ähmiýetini nygtady we BMG-niň Türkmenistanyň netijeli başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldajakdygyny aýtdy.
O.Atabaýewa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan onlarça bilelikdäki taslamany üstünlikli durmuşa geçirendigini belledi. Şeýle-de bu düzümiň her bir ýurduň özboluşly ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan ýurt boýunça maksatnamalarynyň ähmiýetine üns çekildi.
“Biziň haýyr-sahawat gaznamyz üçin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäginde jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş hem-de durmuş goraglylygy ulgamlaryny pugtalandyrmak ýaly ugurlar aýratyn orna eýedir” diýip, O.Atabaýewa belledi.
O.Atabaýewa gaznanyň alyp barýan işi barada aýdyp, ilkinji nobatda, howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn lukmançylyk, durmuş hyzmatlarynyň amala aşyrylýandygyny nygtady.
Narine Saakýan gaznanyň alyp barýan işlerine, çagalaryň abadançylygynyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de taýýardygyny tassyklady.
Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň ugurdaş düzümleriniň hatarynda ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hem ýakyn gatnaşyklaryň saklanylýandygyny, geçen ýylyň dekabrynda gol çekilen Ähtnama esasynda häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň işjeň dowam etdirilýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
PDF








