Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty (https://hemayat.gov.tm/) işe girizildi.
Platforma Gaznanyň işini Türkmenistanyň raýatlary hem-de halkara hyzmatdaşlary üçin mümkingadar açyk we elýeterli etmek maksady bilen döredildi. Saýtda gaznanyň maksady we iş ugurlary barada maglumatlar, täzelikler, foto we wideo materiallar, peýdaly maslahatlar hem-de aragatnaşyk üçin maglumatlary ýerleşdirildi.
Gazna 2021-nji ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Guramanyň esasy wezipeleri: howandarlyga mätäç çagalara giň möçberde goldaw bermekden, çylşyrymly lukmançylyk operasiýalaryny we bejergini maliýeleşdirmekden, saglygy dikeldiş we sagaldyş çärelerini geçirmekden, durmuşa uýgunlaşmaga ýardam bermekden, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.
Dört ýylyň dowamynda gazna ýüzlerçe çaga kömek berdi, 700-den gowrak hirurgik operasiýany we saglygy dikeldiş maksatnamalaryny maliýeleşdirdi. Türkmenistanda we daşary ýurtlarda onlarça haýyr-sahawat taslamalary durmuşa geçirildi. Geçen ýylyň ahyrynda Gazna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şahamçasyny açdy, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegi dowam etdirýär.
Gurama ýurduň çägindäki çagalar hassahanalarynyň bölümlerini yzygiderli goldap, olara döwrebap tiz kömek awtoulaglaryny, gemodializ enjamlaryny we ýöriteleşdirilen lukmançylyk tehnikalaryny sowgat berýär. Gaznanyň howandarlygynda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, şeýle hem paýtagtda we sebitlerde ýerleşýän şoňa meňzeş lukmançylyk-okuw edaralary bar.
PDF









