Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan Guşlaryň halkara güni hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Guşlar dünýäsi» atly mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde tapawutlanan çagalary sylaglamak dabarasy geçirildi.
2025-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda Döwlet muzeýinde Aşgabat şäherindäki mekdep okuwçylarynyň arasynda test görnüşinde bäsleşik geçirildi. Bäsleşikden öň okuwçylara Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ekspozisiýasynda guşlar barada düşündiriş işleri geçirildi. Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri bu bäsleşige köp okuwçylary çekmek maksady bilen mekdeplerde guşlara degişli göçme sergi hem guradylar. Çagalar Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň köpdürliligi bilen tanşyp, ýurdumyzda gyşlaýan, höwürtgeleýän, göçüp geçýän guşlar, olaryň aýratynlyklary, biologiýasy bilen tanyşdylar. Bäsleşige 700-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Olaryň arasynda 37 sany okuwçy tapawutlandy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hormat haty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Çeşme: medeniyet.gov.tm