Sentýabr we oktýabr ýylyň iň datly miwedir gök önümleri ýetişýän aýlarydyr. Tomus paslynyň çogly güneşini özüne siňdiren bu miweler saglyk üçin peýdaly, beden üçin ýokumly witaminleri özünde jemleýär.

Bu pasylda ýetişýän käbir miweler şulardyr:

Alma dünýäde belki-de iň köp görnüşi bolan miwedir. Şol sebäpli bu miweleriň käbir görnüşi güýz paslynda ýetişýär. Alma nerw ulgamyny kadalaşdyryjy we ukyny gowy sazlaýjy miwe hasaplanylýar. Ol diňe bir tagamly bolman, eýsem örän peýdaly bolup, düzüminde dürli witaminleri saklaýar. Olaryň düzümindäki C witamini, güýzde çagalar üçin aýratyn möhüm bolup durýar. Şeýle hem alma ýetirilen fiziki güýçden soň dikelmek üçin peýdaly. Onuň içindäki fosfor beýniniň işjeňligini güýçlendirýär we nerw ulgamyny sazlaýar. Bu miwä başgaça “işdä witamini” hem diýilýär. Sebäbi ol adaty iýmit siňdiriş we kadaly ösüş üçin zerurdyr.

Şetdaly diňe bir ýakymly tagam bermän, bedeni witaminler bilen üpjün edýän süýji, şireli we reňkli miwedir. Bu miwe sowuklama, witamin ýetmezçiligine we ýokanç kesellere garşy profilaktiki serişdedir. Şetdaly, esasan hem, püresi, şiresi we konserwleri taýýarlamak üçin ulanylyp bilner.

Kädi diňe gyzgyn nahara atylman, ondan mürepbe hem gaýnadylýar. Hatda bu bakja ekini dürli çörek önümlerine hem goşulýar. Dürli görnüşleri bolan kädi E, A, C, D we B witaminlerine, şeýle hem magniý, kaliý, demir, kalsiý we süýüme baýdyr.

Kabaçok. Käbir türki dillerde kädi diýmegi aňladýan bu bakja ekini kädiniň bir görnüşi hasaplanýar. Bu gök önümiň siňňitli bolmagy bilen tapawutlanýar. Kabaçok bedendäki toksinleri aýyrýar, ganda aşa köp holesterini bolan we ötden ejir çekýän adamlar üçin peýdaly hasaplanýar. Ol garry adamlar üçin hem peýdalydyr.

Injir iň köp ösdürilip ýetişdirilýän miweli agaçlaryň biri hasaplanýar. Ýabany injir diňe tokaýlarda däl, eýsem açyk eňňitlerde, şeýle hem Gürjüstanyň, Krymyň, Ermenistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Demirgazyk Kawkazyň we Täjigistanyň dag eňňitlerinde ösýär. Halk lukmançylygynda injir sowuklamany, bokurdak agyryny, dem alyş kesellerini we diş etiniň çişmegini bejermek üçin ulanylýar. Artykmaç agram, üsgülewük üçin ajaýyp derman hasaplanýar. Onuň düzüminde kaliý, magniý we kalsiý ýaly elementleriň bar.

Hurma diňe bir özboluşly ysy we tagamy bolman, eýsem ajaýyp “tebipdir”. Bu miwe aşgazan-içege ulgamynyň, böwrek keselleriniň, ýürek-damar ulgamynyň, demgysma, ganazlygyň kynçylyklaryna kömek edýär.

Nar işdäňi gowulaşdyrmak we ýaşlygy saklamak üçin peýdaly miwe hasaplanýar. Bu miwe iýmitiň has gowy siňmegine kömek edýär, ýürek-damar ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar. Naryň düzüminde C, B6, B12, P witaminleri, süýüm, minerallar we mikroelementler bar. Nar gan öýjükleriniň döremegine we gemoglobiniň öndürilmegine kömek edýär.

Merdan ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.