«Brand Fi­nance» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň gym­mat­ly brend­le­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Sa­na­wyň ba­şyn­da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry orun al­ýar. «App­le», «Micro­soft» we «Go­og­le» ýa­ly dün­ýä bel­li brend­ler eme­li aň we beý­le­ki in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry goý­ýan ma­ýa go­ýum­la­ry bi­len gym­ma­ty­ny ýyl­sa­ýyn art­dyr­ýar­lar. Soň­ky ýyl­lar­da çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy tä­ze peý­da bo­lan ýa-da o di­ýen bel­li bol­ma­dyk brend­le­riň hem gys­ga wagt­da uly ösüş ga­zan­ma­gy­na se­bäp bol­dy. Mu­nuň iň go­wy my­sa­ly hök­mün­de eme­li aň çip­le­ri­ni ön­dür­ýän «Nvidia» kom­pa­ni­ýa­sy ha­sap­lan­ýar.
Köp ýyl­dan bä­ri sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýän «App­le»-iň 2026-njy ýyl­da­ky gym­ma­ty­nyň 608 mil­liard dol­la­ra, ikin­ji ýer­dä­ki «Micro­soft»-yň gym­ma­ty­nyň 565 mil­liard dol­la­ra ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. «Alp­ha­bet»-iň ga­ra­ma­gyn­da­ky «Go­og­le» bol­sa, 433 mil­liard dol­lar gym­ma­ty bi­len üçün­ji bol­dy. «Ama­zon» (370 mil­liard), «Nvidia» (184 mil­liard), «Tik­Tok» (154 mil­liard), «Wal­mart» (141 mil­liard), «Sam­sung» (119 mil­liard), «Facebook» (107 mil­liard), «Sta­te Grid Cor­po­ra­ti­on of Chi­na» (102 mil­liard), ICBC (91 mil­liard) we «Ins­tag­ram» (81 mil­liard) il­kin­ji on­lu­ga gi­rip­dir. Il­kin­ji on­luk­da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan baş­ga-da bö­lek söw­da we ma­li­ýe eda­ra­la­ry hem bar.

Gurbanmämmet AMANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.